GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY KITABYNDAN

AK ARZUWLARYŇ AMALA AŞÝAN ŞÄHERI

Gözel paýtagtymyzyň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýän ajaýyp durmuşyna ser salanyňda, berkarar Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni ösüşleri, halkara derejedäki gazanýan üstünlikleri, jemgyýetimiziň ýokary göterilişiniň, ruhy durmuşynyň belent derejesi, aň-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, eşretli durmuşy has aýdyň duýulýar. Biz paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa  geçirilmegine we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň   döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Munuň özi ata-babalarymyzyň gurmak we döretmek ýaly belent maksatlaryny mynasyp dowam etdirýändigimiz, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha pugtalandyrýandygymyz bilen berk baglydyr. Aşgabady mundan beýläkde ähli görkezijiler boýunça paýtagt şäheriň ýokary derejesine laýyklykda gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklaýarys. Aşgabat bu gün eşretli durmuşyň berkarar edilen belent derejesini, gurmagyň we döretmegiň kämil gurşawyny, onuň çuň many-mazmunyny äşgär edip, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Şunda milli binagärligiň özboluşlylygyny, dünýä tejribesiniň bu ugurdaky gazananlaryny, mähriban halkymyzyň döredijilikli başarnygyny utgaşdyryp, kämilligi gazanmak öňde goýlan esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Biziň  Aşgabady ösdürmek bilen bagly amala aşyrýan işlerimize halkara derejede hem ýokary baha berilýär. Meniň bu aýdanlaryma Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna Aşgabat bilen baglanyşykly rekordlaryň, täsinlikleriň 11-siniň girizilendigi hem şaýatlyk edýändir. Elbetde, ýurdumyz boýunça alanyňda, bu san has hem köp. Olaryň ählisi hem halkymyzyň guwanjydyr, buýsanjydyr.

* * *

Ýürek bilen başyna barlan iş yhlas bilen bitýär, netijelilik gazanyp bolýar. Ýürekden çykan söz ýürege barýar. Ýürek adamyň ruhy ýagdaýyna we beden saglygyna baha bermekde iň esasy synasydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri bolsa, mähriban okyjy, Watanymyzyň ýüregi! Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny, at-abraýyny görkezýän esasy merkez.

* * *

Aşgabady özgerdip, biz onuň diňe bir gözelligiň şäheri däl, eýsem, iň bagtly adamlaryň şäheri, bagtyýar adamlaryň berkarar ýurdunyň paýtagty bolmagy hakynda alada edýäris. Ýene ýyllar geçer. Aşgabat gözellige dyngysyz ymtylyşy bilen has juwan hem-de owadan bolar.  Aşgabat — geljegiň şäheri. Baky ýaşa, gözel paýtagtymyz! Beýik taryhymyzyň şaýady bol!

 

Taýýarlan: Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR