AMALLAR NIÝETLERE GÖRÄDIR

Şeýle bir rowaýat bar. Amallaryň agramy ölçelýän terezi gününde käbir adamlaryň eline hasap depderleri berlermiş, şonda olar ol ýerdäki birnäçe sogaplara geň galyp «Eý Perwerdigärim, biz bu amallary etmedik ahyry» diýip ýüzlenermiş. Şonda Perwerdigär «Siz şol amaly etmeseňizem, şol amallary niýet etdiňiz. Amallar niýetlere görädir» diýip, ýagşy niýet üçinem bendelerini ýalkarmyş. Ýokardaky düşünjelerden ugur alsak, biziň ýamanlyk hökmünde kabul edýän zadymyz iki dürli bolup çykýar: olaryň ikisi hem birbada hiç göwnümize ýaranok. Ýöne täsin ýeri, olaryň ikisi hem ahyrsoňunda biziň üçin örän bähbitli bolup gutarýar. Birinjisi, dogrudanam, abraýyňa, maddy hal-ýagdaýyňa, saglygyňa zyýan ýetirmek maksady bilen edilen bozuk niýetli ýamanlyklar. Beýlekisi — ýamanlyk niýeti bolmadyk, ýöne netijesi göwnümize ýaramaýandygy üçin özümiz tarapyndan ýamanlyk hataryna goşulan amallar.

 

Rahmet GYLYJOW.

Indiki makala

TÜWI DÄNESI

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR