“NESIL SAGLYGY – DÖWLETIMIZIŇ BAÝLYGY”

6-njy iýunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda “Nesil saglygy – döwletimiziň baýlygy” atly wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Tomusky dynç alyş rugsadyna çykan çagalaryň gün urmak, suwa gark bolmak we beýleki dürli hadysalardan daşda durmaklaryny gazanmaklyga ene-atalaryň, uly ýaşly raýatlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat ýygnagyna TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat ýygnagynyň dowamynda topar agzalary howanyň gyzmagy bilen baglanyşykly, şeýle hem, dynç alşa çykan çagalara gözegçilik etmekde her bir raýatyň, ata-eneleriň işjeňliginiň zerurdygy barada gürrüň etdiler. Çykyş edenler bu babatda etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleriniň öňünde hem jogapkärli wezipeleriň durýandygyny, çagalar baglarynda we beýleki ilata hyzmat edilýän nokatlarda azyk önümleriniň hiline, daş-töweregiň arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişine  gözegçiligi gowşatmaly däldigini, saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri hökmünde ilatyň arasynda çagalaryň saglygy, olary dürli hili nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmakda wagyz işlerine ýakyndan ýardam bermelidiklerini nygtap geçdiler.

 

Şemşat SÄHETGULYÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY