UMYTLY GUŞ KÄBÄ ÝETMIŞ... (Hekaýa)

Il-günüňi üýşürip uludan toý tutmak, perzendiň toýuny toýlamak her bir ata-enäniň perzende ýüzi düşen gününden kalbyny eýelän baş arzuwy. Halmyrat aga bilen Dürli gelnejäniň hem ýüreklerinde beslän şol arzuwlary bu gün hasyl boldy. Olaryň ogly Röwşen özüniň halap, söýüp, göwün beren gyzy Bahar bilen durmuş toýuny tutdular. Ýaş juwanlaryň bagtyna uly il, ýakyn-u-daşlary, dogan-garyndaşlary guwandylar. Bulara bagtly durmuşda ýaşamaklaryny arzuwladylar.

Toý sowuldy. Gyzlyk dünýäsinden daşlaşyp gelin bolan Bahara birbada bu durmuş agyr ýaly duýulsa-da, ýanýoldaşydyr gaýynlarynyň oňa bolan mähirli garaýyşlary, aýdýan ýakymly sözleri ony derrew özüni ele almagyna uly ýardam etdi. Dogrusyny dogry aýtmaly, zandy ýumşak, alçak, akgöwünli adamlar bolansoňlar Halmyrat agadyr Dürli gelneje Bahara gelen gününden «gelnim» diýmän «gyzym» diýdiler. Röwşen hem öz saýlap-seçen ýaryna gowşan adam, Baharyň öz öý durmuşlaryna öwrenişip gitmegine kömek etjek bolup çyr-çytyrdy. Şeýle mähriban ojaga gelin bolup düşen Bahar hem adamsydyr gaýynlarynyň göwünlerini tapjak bolup ýadamany, ýaltanmany bilmeýärdi. Hemme zat gowulyk, gül ýaly durmuş, ýöne wagt geçdigisaýy Bahary bir zat biynjalyk edip başlady, olaryň hem durmuş guranyna iki ýyla golaý wagt geçse-de, bulardan perzent bolmaýandygydy. Ol öýdäkilere syr bildirmejek bolup jan etse-de, barybir Röwşenem, gaýyn atasydyr gaýyn enesi hem gelinleriniň içindäki pikirlerini, çekýän azaplaryny aýnada gören ýaly bilýärdiler. Gaýyn enesi Bahara göwünlik berip, «Gyzym, gaýgy edip, özüňi biderek ýere gynap ýörme. Barysy gül ýaly bolar» diýip, öwran-öwran gaýtalaýardy. Emma wagt geçse-de hiç hili üýtgeşiklik boluberenokdy. Lukmanlara görnüp, bejergi aldylar, tebipler em-ýom edip gördüler. Nepi degmedi. Bu ýagdaýa gynanyp, Bahar gün-günden horlanyp barýardy. Hemmeleriň bu gelniň halyna gynanyp, ýardam edesleri gelýärdi. Emma çäresi tapylyberenokdy.

Şeýle günleriň birinde Halmyrat aganyň doganoglan agasy Geldi aga bulara myhmançylyga geldi. Çaý başynda ondan-mundan gürrüňleşip oturdylar, ahyram gürrüň agyr gaýgyda gezip ýören ogullary Röwşen bilen gelinleri Bahara syrykdy. Gürrüň şu ýere ýetende Geldi aga:

-Halmyrat, dogrusy men dereginde seniň bilen şu meselede gürleşmäge gelipdim. Men-ä dogrusy, ol gelnimizden müňde bir razy, arassaçylygy diýjekmiň, biş-düş, tikin-çatyn işleri hem hiç neneň däl. Iň esasysy hem, edil öz perzendiň ýaly hormat goýýar. Perzent meselesi hem Allaň işi. Maşgalaň bir bölegine öwrülen, ýüregiňden hem orun alan gelniňi Röwşen oglanlyk edip aýryp oturubermesin diýibem gorkýan. Eger meni diňleseň, bir zat aýtjak. Habaryň bar, meniň körpe gyzym çaga üstünden aýryldy, çagajygy galdy. Gudalarymyz hem ýat adamlar däl, öz belet ýeriň. Olary razy etmek meň bilen. Siz razy bolsaňyz, şol çagajygy ogullyga alyň. Şoňa seretse, güýmense, gelniň başga zat hakda pikirlenmäge-de wagty bolmaz. Çagajyga-da gaty gowy bolar. Ýöne umytsyz hem bolmaly däl, enşalla, yzy tirkelip gidiberer. Galanynam özüňiz görüň-dä diýdi.

Bu gürrüňe garaşmadyk Halmyrat aga birbada näme diýjegini hem bilmedi. Soň:

-Agam, gaty gowy zat aýtdyň. Men öýdäkiler bilen maslahatlaşaýyn. Eger göwneseler, ertirden gijä goýmarys diýdi. Geldi aga gidensoň, Halmyrat aga aýalydyr ogluny, gelnini ýanyna çagyrdy. Geldi aganyň aýdan gürrüňini bulara aýtdy. Oglundan, gelninden ses çykmady. Dürli daýza:

-Ol işi başaryp biläýsek, hem-ä perzentli bolýas, gyzym, eger hötdesinden gelip bilseň, bu işiň sogaby biölçegdir. Geldi aga aýtmyşlaýyn belki, yzy hem tirkelip gidiberer. Näme diýýäňiz?

Ozalam perzent dagyny çekip ýören Baharyň bu garaşylmadyk habara begenjindenmi ýa-da enesinden aýrylan çagajygyň halyna ýüregi awapmy, belli däl, bokurdagy dolup, gözlerinde ýaş düwmeleri peýda boldy. Röwşen:

-Men-ä razy, Baharam «ýok» diýmez. Ol bäbejigiň ene-atasam öz garyndaşlarymyz, alaýaly? diýip, Bahara ýüzlendi. Bahar baş atyp, razydygyny duýdurdy.

Bäbejigi getirdiler, «yzyna çaga tirkäbersin» diýip «Tirkeşmyrat» diýip at goýdular. Geldi aga mamla bolup çykdy. Tirkeşmyratjygy edil öz ýüreginden önen çagasy ýaly kabul edip, söýüp, ezizläp seredýän Baharyň indi gaýgy-gama eli degenokdy. Şol balajygy bilen başagaý bolup günleriniň nähili geçýändigini hem unutdy. Öýlerine şatlyk alyp gelen çagajyga Halmyrat aga-da, Dürli daýza-da, Röwşenem guwanýardy. Aý-güne salym ýok. Tirkeşmyrat indi alty ýaşynda. Her gün bir täzelik tapyp gelip, öýi şatlyga doldurýardy. Geldi aga-da ony görmäge gelip-gidýärdi. Tirkeşmyrat mekdebe gatnap başlady. Ol üçünji synpy gutaryp, dördünjä geçmeli wagty ejesi Bahar gelneje özünde birhili üýtgeşiklik duýup başlady. Dogrusy, ilki känbir üns hem bermedi. Emma soňlar agzy bimaza bolup başlady. Lukmana baryp barlananda, lukmanyň aýdan zadyna ol ynanmajak boldy.

Emma lukmanyň oňa «Gutlaýan, sen basym ene bolýaň. Indi özüňe oňatja seret, gowuja iý. Agyr işlerden çeträk dur. Çagaň sagdyn dünýä gelmegi köp derejede seniň häzirki döwrüňde özüňe seredişiňe bagly» diýip aýdan sözleri hakykatdy.

Bu hoş habary eşiden gaýynlarydyr ýanýoldaşy begenjinden uçaýjak boldular. Şol günden başlap hemmeleriň üns merkezi Baharda boldy. Oňa agyr iş etdirmediler, iýmitlenişine, dynç alşyna Dürli daýza gaty esewan bolýardy. Bu şatlykly waka bir adama-Tirkeşmyrada özgeçe täsir etdi. Onuň göwnüne bolmasa, soňky wagtlarda oňa o diýen üns berenoklardy. Hemmeler indiki doguljak çagajygyň aladasy bilen. Onuň bilen iň gowy gürleşýän adam Geldi aga ýaly duýulýardy. Emma hakykatda beýle däldi. Ony hemmeler gowy görýärdiler. Ýöne kän ýyllap azap çekdiren, uzak wagt garaşylan täzelik indi bolansoň, Bahar gelniň bäbejigi sag-aman dünýä inmegi üçin jan edýärdiler. Tirkeşmyrat bolsa bu ýagdaýa ters düşündi. Onuň ýüreginde «Men bularyň öz çagasy däl, şonuň üçin hem meni kän gowy görmeýärler. Şu wagtdan şeýle bolsalar, ol çagajyk doglansoň, meni düýbünden unudarlar» diýen pikir peýda boldy. Özüne näçe seredilse-de, gaýgyrylsa-da, Bahar Tirkeşmyrady birjikde gözden salanokdy. Gaýta «Oglum adyna çekdi, yzyna çaga tirkedi, öýüme bagt getiren balam» diýip öňküdenem gowy görýärdi. Şeýle bolansoň, Tirkeşmyrat öýkesini daşyna çykarman ýördi. Emma Bahar bäbekhana gidende, kakasynyň, atasydyr enesiniň onuň daşynda hozanak boluşlaryny görüp, bir hili kyn ýagdaýa düşdi. Ejesi öýlerine ogul jigi getirende, Tirkeşmyradyň bokurdagy doldy. Ol daşary ylgap çykyp gitdi. Täze bäbegiň aladasy bilen birbada oňa hiç kim üns bermedi. Halmyrat agany gutlamaga gelen Geldi aga üzümiň aşagynda aglap oturan Tirkeşmyrady görüp haýran galdy:

-Hä, Tirkeş jan, oglum, nämä aglaýaň, näme boldy, kim göwnüňe degdi?

Öň sojap oturan Tirkeşmyrat indi horkuldap aglady. Geldi aga ony köşeşdirip, ýagdaýy anyklansoň, bir güldi.

-Baý-bow, seniň diýip duran zadyň näme, gaty ýalňyşýaň, ejeň, kakaň, eneň, ataň dagy seni indi ozalkydan hem gowy görýärler. Sebäbi sen indi aga bolduň. Bular ýaly biderek zatlary kelläňden çykar. Hany jigiňe at saýladyňmy? Hemmeler seniň saýlan adyňy goýjak diýip garaşyp otyrlar. Hany, ýör, jigiňi göreli, seň saýlan adyňy dakaly-diýip, Geldi aga Tirkeşmyrady jaýa alyp bardy.

Geldi aga bäbejigi gutlady. Soňam:

-Hany, indi bäbejige at saýlaly, Tirkeş jan jigisine oňat at saýlapdyr. Häzir şonuň saýlan adyny bileli, makul bilseňiz şony hem dakaly. Hany, Tirkeş jan jigiňe nähili at saýladyň, aýt, eşdeli – diýdi.

Tirkeşmyrat birbada aljyrady, näme diýjegini bilmedi. Töwerekdäkiler «bol aýt-da, bol aýt» boluşdylar. Bahar gelneje:

-Hany, beýdip meniň balamy aljyratmaň, onuň öz gowy görýän ady bar. Aýt, oglum, jigiňe näme at goýaly? Ejesiniň mähirli ýüzünden, mylaýym sözünden biraz özüni dürsän Tirkeşmyrat jigisine seredip durşuna:

-Bagtyýar dakaýaly – diýdi. Geldi aga:

-Berekella, jigiňe gaty gowy at saýlapsyň. Tüýs jüpüne düşen at boldy bu. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren bagtyýar eýýamymyzda dünýä inen çagalaryň ählisem bagtyýar nesillerdir. Gaty makul, adynda garrasyn. Bagtyýarlyk döwrümiziň ösüşlerine goşant goşjak ynsan bolup ýetişsin – diýdi. Soňra bolsa:

-Hany, indi bolsa Halmyrada agtyk toýuny tutmaga kömekleşeli – diýip, Tirkeşmyradyň elinden tutup daşary ýöneldi.

 

Kemal SABYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY