MAGTYMGULY PYRAGY –ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ ÇYRAGY

Söz sungatynyň ajaýyp wekili, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatyna däl, eýsem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda hem mynasyp orun tutýar. Her bir ynsan şeýle beýik şahsyýetiň döredijiligi bilen içgin tanşyp, onuň şygryýet ummanyndan ruhlanýar. Şahyryň köptaraplaýyn döredijiliginde watançylyk, il-ýurt, dost-doganlyk, wepalylyk, ynsan terbiýesi, halal hem arassa zähmet, tebigat, liriki we beýleki temalar eriş-argaç bolup geçýär. Biziň bagtyýarlyga beslenen zamanamyzda türkmen edebiýatyny we sungatyny ösdüren ussat ýazyjydyr şahyrlarymyza, bagşydyr kompozitorlarymyza uly sarpa goýulýar.

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň döredilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagallalar edilýär. Mundan başga-da, şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiň açylandygyny guwanç bilen bellemelidiris. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan hem uly işler alnyp barylýar. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, Berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biziň üçin çäksiz bagtdyr.

Şeýle bagtyýarlyga ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Ogulnabat KALANDAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY