SPORT – BIZIŇ SAGLYGYMYZ

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi «Zehinli nesil» hojalyk jemgyýetiniň Daşoguz şahamçasy bilen bilelikde, şol okuw merkeziň diňleýji oglanlarynyň gatnaşmaklarynda, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek maksady bilen, «Sport – biziň saglygymyz» atly şygar astynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşige jemi 8 sany topar gatnaşdy. Duşuşyklar diýseň çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Netije-de, «Asudalyk» topary 1-nji, «Bürgüt» topary 2-nji, «Şadyýan» topary bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara ýaryşyň guramaçylary tarapyndan Kubok gowşuryldy.

 

Ýazjemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar