Günortanky arakesmede öýlerine gelen Sähet gapylarynyň agzyna geleninde, öýüň içinden gelýän sese sakga aýak çekip, diňşirgenenini duýman galdy. Ony aýak çekmäge, diňşirgenmäge mejbur eden ýakymly owaz indi ençe ýyldan bäri eşitmedik, emma juda eşdesi gelýän owazydy. Ol bu mylaýym owazy bölmän, soňuna çenli diňlemek üçin öýe girmän saklanypdy. Içinden «Enem gelipdir-ow, Eneş jany hüwdüleýär öýdýän» diýdi. Birdenem «Wiý, indi enem ýog-a, onda bu kim bolmaly? Behh, sesem edil enemiňki, aýdýan hüwdüsem edil şol hüwdi. Ýa meniň gulagyma eşidilýärmikä?» diýip, içeri girmäge howlukdy. Ol howlukmaçlyk bilen içeri girip, sallançak ýerleşdirilen törki jaýyň gapysyndan seredeninde, gözlerine ynanmady.
***
Harby serkerde bolup işläp ýörenine sekiz ýyldan gowrak wagt geçeninde, Sähede ähli amatlyklyry bolan täze jaý berdiler. Üç otagly, ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen täze jaýyň açary eline gowşurylanynda, Sähediň kalbynda harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin çäksiz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza bolan minnetdarlyk duýgulary hasam artdy. Ýakynlaryny, tanyş-bilişlerini çagyryp, jaý toýuny toýlady. Toý sowlansoň, Sähet öz ýakynlary bilen bir saçagyň başynda çaý içip otyrkalar, onuň garry enesi Gurbangül daýza agtygynyň jaýyny gutlady. Enesine sag bol aýdan Sähediň kellesine bir pikir gelip, ýüzi ýagtylyp gitdi:
-Ene, maňa berlen şu jaý seniň hem öýüňdir. Indi sen biziň ýanymyzda, şu öýde ýaşarsyň. Meni ösdürip, ulaldyp, şu derejä ýetiren sen-ä. Indi bolsa bu öýde çowluklaryňa seredersiň-diýdi.
-Weý-weý, men görgülini garran çagymda hem öz maýdalyma oturtjak däl-how siz. Men indi garradym-a, indi men seniň ýaş wagtyňdaky ýaly ýumuşlara eýgermerin.
-Goý, ene, beýle gürrüňleri, bu döwür garralýan döwür däl, gaýta tersine ýaşlygyňa dolanmaly döwür. Gör-ä, Gahryman Arkadagymyz şeýle eşretleri peşgeş berip durka, heý-de bir garramak bolarmy? Onsoňam size ýumuş buýurmarys. Siz diňe «ony eýdiň, muny beýdiň» diýip, maslahat berip otursaňyz bolany. Galanyny gelniň özi oňarar.
-Ýeri bolýa-da, sen gürleseň gaçara-sowulara ýer goýaňok. «Bolýa» diýip, sypsak kaýyl biz-ä.
Saçagyň başyndakylaryň barysy gülüşdiler. Jaý-toýuny birkemsiz sowansoňlar, Sähediň enesinden beýleki dogan-garyndaşlary öýli-öýlerine gaýtdylar. Gurbangül daýza-da agtygy Sähet, çowluklarydyr gelni Aýnur bilen galyberdi. Birbada bildirmese-de, obada ösüp-ulalan, tutuş ömrüni obada geçiren Gurbangül daýzanyň bu ýerde içi gysyp başlady. Çowluklaryny üwrän bolýar, degşen bolýar. Barybir gürrüňiniň bir tarapy oba bilen baglanyşykly bolup dur. Bir görseň, «Hajymyradyň enesi Soltan daýza ýaranokdy, gidip, sorap gelibem bolanok. Gowulaşyp gitdimikä? Gyzyl ýaly adamdy, çagalyk joramdy. Onuň bilen guda bolmagy hem arzuwlapdyk, emma ol arzuw arzuwlygyna galdy. Gowy bolsa bolýar» diýip, deň-duşlaryny ýatlap oturandyr. Bir görseňem, «Bugdaýy ekendirler, şu ýyl üzüm gaty hasylly bolupdy, yrýa etmän ýerledilermikä? Sygrymyzyň täze gölesem ers-mers bolup barýandyr. Uluraklaryň biri-ýarymyny satmaly-da, täze guzulardan birki sanysyny alyp goýbermeli. Agtyk-çowluklaryň sünnet toýuna, beýlekisine ýarajak daýaw janly bolup ýetişer» diýip, öýüň işleri barada aladalanyp otyr. Sähet işden geleninde, «Sähetli gün dünýä inenje çagam edil wagtyndajyk geläýdiň» diýip, degşen bolsa-da, barybir onuň birhili sussunyň pesdigi, keýpsizdigi bildirýärdi. Sähet bu bolşa nähili düşünjegini bilmedi. Içinden her hili hyýala gelip gördi. «Aýnur bilen arasyna tow düşdümikä? Aýnur-a eneme gaty-gaýrym söz aýtmaly däl. Men oňa belet, ol hiç kimiň hem göwnüne degip biljek adam däl. Ýa-da onuň edýän hereketleri enemiň göwnünden turmaýarmy-ka? Ony diýseňem-ä, irden turup, menden öňünçä eneme çaý demläp berýär. Enem näme diýse-de, ylalaşyp, ýylgyryp, baş atyp, makullap oturuşyny görseň-ä, enem ony gowy görýäne meňzeýär?! Onda näme üçin enemiň ýüzünde birhili närazylyk alamatlary duýulýarka?» diýip, pikire batyp, ilki oýunlyga salan bolup:
-Aýnur, näme enem bilen tersleşäýdiňizmi, onuň ýüzünde gar ýagyp dura?-diýip sorap gördi. Soňra bu barada Aýnur bilen çynlakaý gürleşip gördi. Aýnuryň janyndan syzdyryp, «Sähet, enemiziň göwnüni ýykar ýaly sözem aýtmadym, ýanyndan gaty ýöräbem geçmedim. Enemiz göwnüne getirmesin diýip çagalara hem gaty gürlämok. Ýöne meniň pikirimçe enemiz obany gaty küýseýär. Ýaşam indi segseni sermeläp ýörensoň, şähere öwrenşip bilenok öýdýän» diýip, özelenmesine ynansa-da, göwnünde dörän ynamsyzlyk ýok bolup gidibermedi. Ýöne Gurbangül daýza garryja bolsa-da, gaty erjel hem gujurlyja ekeni. Çowluklara seredende, Aýnura-da Sähede-de gaýra dur diýdirýär. Olar bilen deň-deň gürleşip, dilini tapyşyna hem-ä guwanýan, hemem haýran galýan Sähet «Adam garrasa çaga ýaly bolýarmyş diýýärler, enemem çaga ýaly bolansoň, çagalar bilen gowy düşünişýär. Entek dile düşünmeýän Sährajygam sallançaga salnansoň, Gurbangül daýzanyň ýüreginden çykýan, ýuwaşjadan mylaýym owazyna maýyl bolup, uka gidiberýär. Ol uka gitdigem, Aýnur bir çäýnek çaý demläp getirip, garry gaýyn enesiniň ýanyna çöker. Gurbangül daýza ýaşlygyndan, ötenden-geçenden gürrüň berip başlar. Aýnuram baş atyp, «häsini» ýetirip oturandyr. Gürläp-gürläp ýadansoň, Gurbangül daýza «A gyz, diňe meni gürledip ýadadaýdyň-a, senem bir zatlar diýip söze goşulyp otur-a. Aýyr agzyňdakynam» diýip gatyrganar. Aýnur diňe çalaja ýylgyrmak bilen jogap berer. Bu zatlary aşaklyk bilen synlap, bar ýagdaýa ýetik bolansoň, Sähet Aýnuryň diýeni bilen ylalaşmaly boldy. «Dogrudanam, enemiň bu ýerde içi gysýar, öz dogduk obasyny küýseýär. Ýöne meniň raýymy ýykmajak bolup, özüne zor salyp, ýaşap ýör. Enemi mundan beter gynasam bolmaz. Ýöne hany indi oňa «ene, sen oba gaýt» diýip aýdyp bolarmy? Dogrusy, bizem, çagalarymyzam enem bilen gowy öwrenişipdiris. Ol oba gidäýse-de, biziň içimiz gysar. Aý, biz bir alajyny taparys, esasy enemizi agyrtmaly däl. Bu ýaşdan soň, oňa gaty kyn düşüp dur, hany, indi nätmeli bolarka?» diýip, agyr oýa batdy.
Sähede köp azara galmak gerek bolmady. Asyl obadaky agasy Aşyr gelip, «Sähet jan, inim, enemiz saňa-da, bize-de deňlik ahyry. Basym biz köpeljek bolup durus, täze bäbejigi enemiziň eline berip, şonuň diýen adyny dakdyrmakçy bolýas. Şonuň üçin men enemi oba alyp gitjek. Juda bolmasa soňra özümjik getirip gidäýerin, ýöne şu gezek bir «ýok» diýme» diýip dur. Ozalam obasyny küýsäp duran enesiniň bir gitse, gaýdyp gelmejegine gözi ýetip dursa-da, «Bor, agam, näme enemizi zor bilen saklaýasmy? Islese, bu ýerde bolsun, islese siz bilen obada bolsun. Haçan gelse-de, gözümiziň üstünde orny bar. Iň esasy zat jany sag bolup, neberelerine baş bolup, otursa bolýar» diýip, enesiniňem, agasynyňam göwnüni göterip goýberdi. Gurbangül daýzanyň şol gidişi gidiş boldy. Sähet bilen Aýnur oba baranlarynda, alyp gaýtjak bolsalar «Balajyklarym, size döneýin. Menem siziň ýanyňyzda näler bolsym gelýär, ýöne indi men siziň yzyňyza eýgermerin. Gowusy, meni şu ojagyň başyndan gozgamaň. Sizden men minnetdar» diýip, şähere gaýtmakdan boýun towlady.
Gurbangül ene Sähetdir Aýnur bilen şähere gaýtmady, ýöne olar körpe gyzlaryna Gurbangül daýzanyň adyny dakdylar. Begenişip, «Ýagşy adamyň ady ýerde uzak ýatmazmyş» diýleni ugruna bar. Enemiz derrew biziň öýümize geläýdi. Bäbejigiň hakyky ady Gurbangül bolsa-da, ony söýgüläp «Eneş» diýerdiler. Eneş janam indi iki ýaşap gelýär. Ozalam çagalaryny eý görýän Aýnur garry gaýyn enesiniň ady goýlan Eneşjigi aýratyn mähir bilen söýgülärdi. Ony sallançaga salanda, «Hany, öz aýdýan hüwdiňi aýdyp bereýin» diýip, garry gaýyn enesinden öwrenen hüwdüsini mähir bilen aýdardy. Sesini Gurbangül daýzanyňka meňzetjek bolup yhlas ederdi. Şunça jan edibem soňundan «Ýogeý, men bokurdagyma näçe agram salsamam, garry gaýyn enem bolup bilmerin. Ol bütin durky bilen mähre, muhabbete ýugrulan» diýip, özünden göwni geçerdi.
Günortanky arakesmede öýlerine gelen Sähet gapylarynyň agzyna geleninde, öýden içinden gelýän sese sakga aýak çekip, diňşirgenenini duýman galdy. Ony aýak çekmäge, diňşirgenmäge mejbur eden ýakymly owaz indi ençe ýyldan bäri eşitmedik, emma juda eşdesi gelýän owazydy. Ol bu mylaýym owazy bölmän, soňuna çenli diňlemek üçin öýe girmän saklanypdy. Içinden «Enem gelipdir-ow, Eneş jany hüwdüleýär öýdýän» diýdi. Birdenem «Wiý, indi enem ýog-a, onda bu kim bolmaly? Behh, sesem edil enemiňki, aýdýan hüwdüsem edil şol hüwdi. Ýa meniň gulagyma eşidilýärmikä?» diýip, içeri girmäge howlukdy. Ol howlukmaçlyk bilen içeri girip, sallançak ýerleşdirilen törki jaýyň gapysyndan seredeninde, gözlerine ynanmady.
Eneşjigi sallançaga salyp, yhlas bilen üwräp oturan Aýnurdy. Bu bolşa haýran bolan Sähet «Asyl, enem öýde bolan döwründe Aýnury mazaly «okadyp, uçurym edip» giden eken-ow» diýip, gelnine guwanç we buýsanç bilen nazar aýlady. Onuň göwnüne sallançagy henizem Gurbangül daýza üwräp oturan ýalydy.
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz
şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.