WATANYŇ ŞÖHRATY ÄLEME DOLSUN, GURBAN BAÝRAMYŇYZ MÜBÄREK BOLSUN!

Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz Gurban baýramyny giňden we şatlykly belleýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk mynasybetli aýdymdyr sazlar, şirin owazlar belentden ýaňlanýar.

Şeýle çäreleriň biri, ýakynda Akdepe etrabynyň medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda «Watanyň şöhraty äleme dolsun, Gurban baýramyňyz mübärek bolsun!» atly şygar bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu dabarada medeniýet işgärleriniň şirin owazly aýdymlary, tans-folklor çykyşlary ruhubelentlikde ýerine ýetirildi. Bu baýramçylyk mynasybetli ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi, ýüreklerinde bolsa eziz Watanymyzda dabaralanýan parahatçylyk syýasatyna we abadançylyga bolan buýsanç duýgularyny goşalandyrdy.

Şeýle hem dabaraly çärä gatnaşyjylar milletiň gadymy we ruhy-medeni däplerini dikeltmekde we geljekki nesillere ýetirmekde taýsyz tagallalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Azada ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY