ŞADYÝAN TOMUS — 2023

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde bagtyýar çagajyklaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we täsirli geçirmeklerini gazanmak, olaryň wagtlaryny netijeli peýdalanmaklaryny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Şeýle işleriň çäklerinde, ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Biz sungaty söýýäris» şygary astynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda çagalar özleriniň goşgudyr aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. Körpe nesilleriň durmuşy, olaryň göwnejaý dynç alyşy babatda taýýarlanylan soraglara bolsa, bu ýerde dynç alýan körpeler täsirli jogaplary berip, duşuşygyň has-da gyzykly we ýakymly duýgulara beslenmegini üpjün etdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa işjeň gatnaşan ýaş nesillere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Azada ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 9 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 76 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY