HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINE KABUL EDILŞIK

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINE 2020/2021-NJI ÝYLDA OKUWA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Hu­kuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara jemagat hukugy; halkara hususy hukugy).

2. Sy­ýa­sat ylym­la­ry we se­bit öw­re­niş (taýýarlygyň ugry: halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty).

3. So­sio­lo­gi­ýa we so­si­al iş (taýýarlygyň ugry: sosiologiýa).

4. Fi­lo­so­fi­ýa we eti­ka (taýýarlygyň ugry: filosofiýa).

5. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri we maglumat-kitaphana işi (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: žur­nalistika).

6. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (taýýarlygyň ugurlary: halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi).

7. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (taýýarlygyň ugurlary: kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy).

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça bir ýyl dil öwreniş bölüminde taýýarlygyny geçeninden soňra, iňlis dilinde alnyp barlar. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärleriň dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden, bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamaga mümkinçiligi bardyr.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 22-23-i, 24-i we 25-i günleri;

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 24-i, 25-i we 26-sy günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň 25-i, 26-sy we 27si günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 27-si we 28-i günleri;

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

fi­lo­so­fi­ýa; so­sio­lo­gi­ýa; hal­ka­ra je­ma­gat hu­kugy; hal­ka­ra hu­su­sy hu­ku­gy; hal­ka­ra gat­na­şyk­lary we dün­ýä sy­ýa­sa­ty taýýarlygyň ugurlary — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

žur­na­lis­ti­ka taýýarlygyň ugry — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hal­ka­ra yk­dy­sa­dy­ýe­ti; hal­ka­ra me­nej­ment; hal­ka­ra ma­li­ýe; äti­ýaç­lan­dy­ryş işi; hal­ka­ra tä­jirçi­li­gi; komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy; komp­ýu­ter ulga­my­nyň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi; mag­lu­mat we kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy taý­ýar­ly­gyň ugurlary — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet ýa-da iňlis dilinde dilden geçirilýär. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärler giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soňra dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamak üçin iňlis dilinden barlag testini tabşyrýarlar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 1958-nji (An­da­lyp) kö­çe, 169, tel.: 39-85-62, 39-85-25.