BAGTLY ÇAGALYGYŇ MEKANY

Häzirki wagtda tomus paslynyň şatlykly günlerini başdan geçirýän bagtyýar nesillerimiziň, mynasyp dynç alyşlaryny, wagtlaryny peýdaly geçirişlerini synlanyňda mizemez durmuş hakykatlary bilen ýene bir ýola ýüzbe-ýüz bolýarsyň. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny hoşlukda geçirýän çagalary synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň çagalar barada döwlet derejesinde edýän çäksiz aladalarynyň öz miwesini bolluk bilen eçilýändigini görmek bolýar. Sagaldyş merkezlerinde Arkadagly Serdarymyzyň çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak babatdaky talaplary hemişe baş ýörelge, ugur görkeziji bolup durýar. Şonuň üçinem bu ýerlere ýurdumyzyň çar künjünden gelýän çagalaryň göwnejaý dynç alyşyny guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat, etrap-şäher Geňeşleri tarapyndan ýörite meýilnamalar tassyklanylyp, degişli işler guramaçylykly alnyp barylýar. Guramamyz tarapyndan ýaş nesilleriň arasynda geçirilýän dürli medeni-köpçülik çäreleri, sport-döredijilik bäsleşikleri berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyza, zähmetsöýer halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde döwlet derejesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän tutumlara mynasyp goşant goşmaga netijeli itergi berýär.

Geçirilýän çäreleriň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň mähriban Watanymyzyň, merdana halkymyzyň öňündäki wezipe-borçlaryny düşündirmek, olarda belent ahlak sypatlaryny, watançylyk duýgularyny terbiýelemek ýaly asylly maksatlar baş wezipe edinilýär. Şeýle-de bagtyýar nesillerimiziň bilime, sporta, döredijilige bolan höweslerini artdyrmak öňde goýulýan maksatlaryň mazmun baýlygyny artdyrýar.

Şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirildi. Çagalaryň wagtlaryny şadyýan, peýdaly geçirmek maksady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşikler çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bäsleşiklerde çagalar erjellik bilen bäsleşip, öz-ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Çäräniň ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň egsilmez kuwwaty, röwşen geljegimiziň mynasyp eýeleri bolan bagtyýar ýaşlarymyz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Akmuhammet NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR