Ýurdumyzyň geljegini ýaş nesiller bilen baglanyşdyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz bilim ulgamynda ägirt uly özgertmeleri amala aşyrýar. Bu bolsa biz — türkmen ýaşlarynyň ylymly, giň gözýetimli, aýdyň maksatly, tutanýerli we döwür bilen deň gadam urýan kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegimize çäksiz mümkinçilikleri döredýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde gurulýan döwrebap bilim ojaklary bilen bir hatarda, döwrebap okuw serişdeleri, zamanabap innowasion tehnologiýalar häzirki wagtda ýaşlarymyz üçin heniz çagalar baglaryndaka üpjün edilýär. Mekdep gapysyndan ätlän her bir okuwçynyň öz şahsy kompýuteri bilen bilimler dünýäsine aralaşmagy bolsa, döwletimizde sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegine berilýän ünsüň aýdyň nyşanydyr. Sanly bilim ulgamy ýaşlaryň öwrenmegini çuňlaşdyrmakda, çaltlandyrmakda, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, öwrenmegi islendik ýerde we wagtda elýeterli etmekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynda internet aragatnaşygy arkaly okuwçylar diňe okaýan mekdepleri ýa-da dersleri bilen çäklenmän, eýsem, ýörite portallaryň kömegi bilen ýurdumyzyň beýleki mekdepleriniň mugallymlarynyň maglumat gorlaryndan peýdalanýarlar. Olar onlaýn sapaklara gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan sowallary sorap bilýärler. Mugallymlar bu portallardaky şahsy sahypalary arkaly ýurdumyzyň islendik ýerindäki okuwçylar bilen aragatnaşyk saklap, höwesli ýaşlar bilen bilelikde taslamalaryň üstünde işläp, ýurt çäginde ylym-bilim hyzmatdaşlyklaryny ýola goýup bilerler. Bu bolsa halypa-şägirtlik ýolunyň taryhynda täze üstünliklere ýetmäge ýardam berer. Şeýle ýagdaýlarda okuwçylar ýa-da talyplar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmän, maglumatlary sanly bilim ulgamynyň maglumatlar binýadyndan islendik wagt gözläp tapyp bilerler.
Ýaşlarymyz üçin elektron kitaphananyň mümkinçilikleri hem çäksizdir. Ýaşlaryň öz oturan ýerinden islän çeper eserleriniň, okuw kitaplarynyň, halaýan gazet-žurnallarynyň elektron nusgasyny şahsy kompýuterlerine ýükläp bilmekleri bilimiň islendik ýerde elýeterdigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Okuwçylaryň öwreniş tizligi babatynda bolsa ýaşlar maglumatlary has çalt ýa-da beýlekilere görä haýal özleşdirýärler. Öz halaýan dersleri boýunça has köp okamagy, goşmaça maglumatlary öwrenip, ders bäsleşiklerinde öňe saýlanmagy arzuw edýän okuwçylar bolsa, sanly bilim ulgamynyň kömegi bilen taýýarlyk bäsleşiklerine gatnaşyp bilimlerini barlap görerler. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem amala aşyrylýan şeýle ajaýyp özgertmeler Watanymyzda ýaşlarymyz üçin edilýän iň uly aladadyr.
Ähli özgertmeleriň sakasynda duran Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.