AÝDYM-SAZLY DABARA ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI

«Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik başlangyçlary bu günki gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň sahawatly saýasynda mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary netijesinde rowaçlygyň röwşen ýoluna düşen milli medeniýetimiz ajaýyp zamanamyzda sözüň doly manysynda gülleýär we kämilleşýär. Muny, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilmeginde, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda bir hepdeläp Medeniýet hepdeliginiň toýlanylmagynda aýdyň görmek bolýar.

Hawa, Garaşsyz Watanymyzda her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligi halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşynyň belent owazydyr. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän toý-dabaralar, guralýan aýdym-sazly çäreler bolsa, halkymyzy, şol sanda ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň hem-de milli mirasymyzy, ajaýyp sungatymyzy öwrenmegiň we dünýä ýaýmagyň döwrebap görnüşidir.

Şu nukdaýnazardan, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmengala etrabynyň Pagta egirme fabriginde «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet ulgamynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy Begenç Agaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmengala etrap birleşmesiniň başlygy Myratly Amannaýew, Türkmengala etrap medeniýet bölüminiň müdiri Döwlet Ýagmyrow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryny hünär baýramçylygy bilen gutlap, olaryň yhlasly we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp geçdiler.

Baýramçylyk dabaranyň dowamynda medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň hem-de tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa edildi. Bu ýerde ýaňlanan aýdymdyr sazlar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

 

Begenç AGAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 1 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK

26 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT — SAGLYGYŇ GIREWIDIR

24 Iýun 2025 | 505 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI