Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň ömrüne ömür goşýan, millet hökmünde ykrar etdirýän medeni gymmatlyklar milletiň joşgunly kalbynyň ýakut-merjen kimin Zemine nur-şuglasyny çaýýan altyn hazynadyr» diýlip bellenilmek bilen, milli medeniýetimiziň halkymyzyň durmuşyndaky wajyp ornuna uly baha berilýär. Hut şu nukdaýnazardan, eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň sahawatly saýasynda medeniýetimizi, sungatymyzy we milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Çünki, rowaçlygyň röwşen ýoluna düşen milli medeniýetimiz we sungatymyz dünýäni görke getirýän, adamlary beýik maksatlara atarýan uly güýç. Şol sebäpden hem dost-doganlygy pugtalandyrmakda bu beýik güýjüň orny örän uludyr.
Hawa, türkmen halky — şahandaz halk. Muny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň belent derejelerde bellenilmeginde, Medeniýet hepdeliginiň bir hepdeläp dabaraly toýlanylmagynda aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Medeniýet — beýik ylhamyň gözbaş akabasy, milli baýlyklaryň altyn täji. Şu nukdaýnazardan, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň, şeýle hem ýurdumyzda hepdeläp dowam edýän Medeniýet hepdeligiň çäginde geçirilýän giň gerimli döredijilik maslahatlarydyr toý dabaralary, aýdym-sazly çäreleridir dürli öwüşgünli sergiler türkmen halkynyň milli ruhy baýlygyny aýawly saklamaga we ony artdyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle maksatlardan ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Mary welaýat kitaphanasy hem-de «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. «Ata Watanymyzda goşa toý bu gün, sungatyň toýunda joşup dur göwün» ady bilen geçirilen baýramçylyk duşuşygyna welaýatymyzyň döredijilik bilen meşgullanýan bilim we kitaphana ulgamynyň işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyga bagyşlanyp geçirilen duşuşykda ýurdumyzda ruhy baýlygymyz bolan milli medeniýetimizi ösdürmäge, baý mirasymyzy gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň rowaçlanyşy dogrusynda söhbet açyldy. Çykyşlaryň dowamynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden we goşalanyp bellenilmegi, oňa gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi, milli medeniýetimize berilýän ünsüň çäksiz alamatydygy dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.
Täsirli geçen duşuşyga gatnaşyjylar medeniýetimize we sungatymyza, akyldar şahyrymyzyň döredijiligine goýýan çäksiz sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Atageldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.