KALBYM ŞATLYKDAN DOLY

Hormatly Prezidentimiziň ýaş alymlary goldamak baradaky alyp barýan syýasaty, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ylmy açyşlara höweslendirmek, ylmy işgärleri taýýarlamak bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurdumyzyň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda döwrümiz çalt depginde özgerýär, dünýä bilim ulgamy innowasiýa ösüşlerine eýe bolup, örän köp dürli täzelikler ýüze çykýar. Şeýle döwrebap zamanada hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilýär. Şol amatly şertlerden peýdalanýan ýaşlar dürli ylmy işleriň üstünde işläp, öz zehinini, başarnygyny açyp görkezýärler we munuň bilen ýurdumyzyň ösüşlerine şahsy goşantlaryny goşýarlar.

Her ýyl uludan bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli hem-de ylma höwesli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaş alymlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi geçirilýär. Bu ýyl maňa hem ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu bolsa, meniň ylmy gözleglere, täze açyşlara bolan höwesimi artdyrdy.

Biz — ýaşlara okamaga, döretmäge, yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýjemal MUHAMMEDOWA,

TDEI-niň mugallymy, ýaş alymlaryň arasynda

 geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 1 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK

26 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT — SAGLYGYŇ GIREWIDIR

24 Iýun 2025 | 505 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI