DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNA KABUL EDILŞIK

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNA 2020/2021-NJI ÝYLDA OKUWA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin taýýarlygyň aşakdaky ugurlary boýunça tölegli esasda okuwa kabul edýändigini yglan edýär:

1. Döwlete degişli bolmadyk edaralaryň hünärmenlerini gaýtadan taýýarlamak aşakdaky hünär boýunça:

— ykdysadyýet we hojalyk hukugy, okuwyň möhleti — 2 ýyl.

2. Magistrleri taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça: — sanly dolandyryş, okuwyň möhleti — 1 ýyl;

— iş­gär­le­ri do­lan­dy­ryş, okuwyň möh­le­ti — 1 ýyl;

— ýerli öz-özüni dolandyryş hukugy, okuwyň möhleti — 1,5 ýyl;

— ylym we bilim işlerini dolandyryş, okuwyň möhleti — 1,5 ýyl.

Okuwa ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlary Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bölüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3x4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syklanan göçürmesi.

Bu­lar­dan baş­ga-da, da­laş­gär­ler ýo­kar­da gör­kezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär oku­wa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Aka­de­mi­ýa­nyň res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş topa­ry ze­rur bo­lan ýag­da­ýyn­da da­laş­gär­den goş­ma­ça maglumatlary sorap biler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşga­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 24 — 29-njy iýu­ly araly­gyn­da ge­çi­ril­ýär.

Gaýtadan taýýarlamak ugry boýunça giriş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:

— ykdysady nazaryýet, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary.

Magistrleri taýýarlamak ugry boýunça giriş synagla­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:

— san­ly do­lan­dy­ryş taý­ýar­ly­gy bo­ýun­ça kompýuter sowatlylygy, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

— iş­gär­le­ri do­lan­dy­ryş taý­ýar­ly­gy bo­ýun­ça

— jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

— ýerli öz-özüni dolandyryş hukugy taýýarlygy boýunça

— jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

— ylym we bilim işlerini dolandyrmak taýýarlygy boýunça

— jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esa­syn­da döw­let di­lin­de ge­çi­ril­ýär.

Bel­le­ni­len wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re görä gel­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­na­ga goý­be­ril­me­ýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;

— da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­ýän­ler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, telefon belgileri: 49-84-72, 49-88-46.