TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNA KABUL EDILŞIK

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNA 2020/2021-NJI ÝYLDA OKUWA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Bi­na­gär­lik (hünärler: binagärlik; şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň dizaýny);

2. Gur­lu­şy­gyň teh­ni­ka­sy we teh­no­lo­giýa­la­ry (hünärler: senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; köprüler we ulag tonnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa; gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy);

3. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (hünärler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi; maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy);

4. Elekt­ro­ni­ka, ra­dio­teh­ni­ka we ara­gat­naşyk ul­gam­la­ry (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarym geçiriji abzallar);

5. Elekt­ro we ýy­ly­lyk ener­ge­ti­ka­sy (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy);

6. Ma­şyn­gur­lu­şyk (hünärler: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; göteriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary);

7. Hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn metal däl we silikat materiallarynyň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy);

8. Ma­te­ri­al­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry (hünär: metallary basyş bilen işläp taýýarlamak);

9. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; logistika).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşikleriniň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 22-23-i, 24-i we 25-i günleri;

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 23-i, 24-i we 26-sy günleri;

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 25-i, 26-sy we 27-si günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 27-si we 28-i günleri;

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

Bi­na­gär­lik ugry boýunça-surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

Gur­lu­şy­gyň teh­ni­ka­sy we teh­no­lo­gi­ýa­lary ugry boýunça-fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy ugry boýunça-fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

Elekt­ro­ni­ka, ra­dio­teh­ni­ka we ara­gat­naşyk ul­gam­la­ry ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

Elekt­ro we ýy­ly­lyk ener­ge­ti­ka­sy ugry boýunça-fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

Ma­şyn­gur­lu­şyk ugry boýunça-fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

Hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ugry boýunça-himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

Ma­te­ri­al­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ugry boýunça-fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ugry boýunça-fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türk­men döw­let binagärlik-gurluşyk ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Ba­ba An­na­now kö­çe­si, 136, tel.: 28-18-86, 28-18-04.