DÜÝŞ

Bir aýal täsin düýş görenmişin. Dükanda satyjynyň ornunda ýüzi nurana biriniň özüne garap, ýylgyryp duranyny görüp, aýal maşgala oňa sowal beripdir:

— Siz kimsiňiz?

— Men siziň Ýaradandan dilän ähli arzuwlaryňyzy hasyl etmeli wekildirin — diýip, ol jogap beripdir.

— Çynyňyzmy?! — diýip, aýal begençli seslenipdir. — Ýeri onsoň, men siziň bu dükanyňyzdan näme alyp bilerin?

— Islän ähli zadyňyzy alyp bilersiňiz.

— Beýle bolsa, gaýrat ediň-de, maňa saglyk, bagt, söýgi, üstünlik hem köp pul... beriň — diýip, ol bir demde ençeme zady sanap çykypdyr.

Satyjy mähir bilen ýylgyrypdyr-da, sargalan harytlary almak üçin arkadaky otaga girip gidipdir. Biraz salymdan bolsa ol eli kiçijik kagyz gutujykly dolanyp gelipdir.

— Bary şumy? — diýip, tamasy çykmadyk aýal geň galyp sorapdyr.

— Hawa, bary şu — diýip, satyjy jogap beripdir. — Eýsem, siz bu dükanda isleýän zatlaryňyzyň ählisiniň diňe tohumynyň satylýandygyny bileňizokdyňyzmy? — diýipdir.

 

“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan.

Öňki makala

ADAM YKBALLARY

Indiki makala

GÖZDAŇDY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR