Oýnuň oýnaljak ýeri we oňa degişli serişdeler. Oýun sport meýdançalarynda ýa-da sport öýlerinde oýnalýar. Oýun üçin göz daňar ýaly arassa ýaglyk, arassa ak kagyz, tegelek çyzar ýaly hek gerekdir.
Oýna taýýarlyk. Meýdançada giňligi 4–5 metr tegelek çyzylýar. Oýunçylar bije atyşyp, kimiň gözi daňylmalydygyny belli edýärler. Gözi daňylmaly oýunçy belli bolansoň, oýunçylar tegelegiň daşyna düzülýärler, gözi daňylgy oýunçy bolsa tegelegiň ortasynda durýar.
Oýnuň oýnalyşy. Oýun ýolbaşçynyň rugsady bilen başlanýar. Oýunçylaryň hemmesi tegelegiň içine girip, gözi daňlan oýunça ellerini degirýärler. Gözi daňlan oýunçy hem öz gezeginde, elini degirýän oýunçylary tutmaga synanyşýar. Eger-de oýunçylaryň birini tutaýsa, onda tutulan oýunçy, gözi daňlan oýunçynyň adyny sesini üýtgedip aýdýar. Gözi daňlan oýunçy ony sesi boýunça tanap, adyny aýtmaly. Gözi daňlan oýunçy ony sesinden tanap, adyny aýtsa, onda gözdaňyny tanalan oýunça berýär. Eger tanap bilmese, onda ýene-de öňküsi ýaly, oýny dowam edýär we beýleki oýunçylary tutmaga synanyşýar.
Oýnuň düzgünleri:
1. Gözi arassa ýaglyk bilen daňmaly. Ýaglygyň aşagynda arassa ak kagyz goýmak bolar.
2. Gözi daňlan oýunça gödeklik bilen el degirmek bolmaz, diňe guşaklygyndan ýokarsyna el degirmäge rugsat berilýär.