TOHUM HEM MIWE

Daýhan şol bir topraga iki hili tohum atýar. Biri şekerçiňrigiň, beýlekisi bolsa sarymsagyň tohumy. Bir toprakdaky iki tohum deň suwarylýar, Gün nurunam, howanam deň-derejede sorýarlar, umuman, tebigat olaryň ikisine-de bir göz bilen garaýar. Ine, iki sany gämik peýda bolýar-da, boý alyp ugraýar. Ahyr netijede sarymsagyň tohumy her baldagynda ajy tagam jemlenen ösümlige, şekerçiňrigiň tohumy bolsa süňňünden süýjülik syzylyp çykýan ösümlige öwrülýär.

Sebäp nähili bolsa, netije-de şonuň ýaly. Tohum niçik bolsa, miwe-de şol kysmy bolýar. Ahyry barjak ýeriň hereketleriňe bagly.

Tebigat ösümlikleriň birine rehimli, beýlekisine gazaply bakýar diýmek bolmaz. Ol diňe dürli tohumlaryň süňňüne salnan sypatlaryň ýüze çykmagyna kömek edýär. Şekerçiňrigiň tohumy süýjülige eýe, şonuň üçinem ösümlik süýjülikden başga zat bolmaz. Sarymsagyň tohumy bolsa ajylyga eýlenen, onsoň başga tagama eýe bolup hem bilmez. Tohum nähili bolsa, miwe-de şonuň ýaly.

Durmuşda uçraýan kynçylyklarymyz köplenç halatda ünssüzlik sebäpli, gahar-gazaplykak ýa-da öçli ýagdaýda sarymsagyň tohumyny ekýänligimiz bilen baglydyr. Hasyl ýygnamaly döwür gelýärem welin, süýji miwe isleýänligimiz birden güpbe ýadymyza düşýär. Emma, haýp, beýle ýagdaýda gözýaşlardanam, nalyş etmekdenem haýyr bolmaýar. Ýagşylyk hasylyny almak isleseňiz, ýagşylyk ekiň!

 

“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan.

Öňki makala

GÖZDAŇDY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR