Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «akylly» şäher ýörelgesine eýerilip bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygy, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän binalardyr desgalary, seýilgähleri, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport, bilim we terbiýeçilik binalary, gulluk jaýlary göreni haýrana goýýar. «Täze şäher — täze dünýä» diýlişi ýaly, dabaraly ýagdaýda birinji tapgyry açylan bu ajaýyp şäheriň sebitde deňi-taýy bolmadyk gurluşyk-binagärlik keşbi bu ýerde ýaşajak we şähere myhman boljak her bir ynsan üçin ýakymly duýgulary bagyş eder.
Dogrudan-da Arkadag şäherini synlanyňda, onuň millilige beslenen binagärlik aýratynlyklary, aýna ýaly arassa we giň ýollary, bagly-bakjaly ýaşaýyş jaý toplumlary hem-de iş merkezleri, sagaldyş we dikeldiş, ylym-bilim edaralary, dynç alyş üçin niýetlenen binalardyr seýilgähleri halkymyzyň ýaşaýyş-derejesiniň barha özgerýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezýär.
Şeýle ajaýyp şäheri gurduryp ulanmaga beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Mähriban ŞYHMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.