10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz bilen Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň milli Liderini golaýda bellenilip geçilen 80 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat we Gazagystanyň halkynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentini parasatly syýasatçy hökmünde oňat tanaýarlar we oňa uly hormat-sarpa goýýarlar. Ol ömrüni doganlyk ýurduň ösüşine hem-de onuň halkara giňişlikde abraýynyň has-da artmagyna bagyşlady. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň Merkezi Aziýada iň ýakyn goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandyny nygtady. Öz nobatynda, Türkmenistan sebitiň döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyk etmäge çalşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ähli ugurlar boýunça deňhukukly, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Ýelbasy Nursultan Nazarbaýew gutlaglar we mähirli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklara mahsus bolan hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýokary derejesini belledi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol hyzmatdaşlyk bolsa hoşniýetli goňşuçylyk hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine daýanyp, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Milli Liderimiz Türkmenistanda Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň keselden gutulandygyna örän şatdyklaryny belledi. Ol synmaz erkiň we ruhubelentligiň netijesinde keseli ýeňip geçmegi hemde Gazagystanyň abadançylygynyň bähbidine döredijilikli işe gaýdyp gelmegi başardy.
Söhbetdeşler şeýle hem koronawirusyň pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýä meselesine hem-de ony ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň ýollaryna üns berdiler. Mälim bolşy ýaly, adam üçin howply bolan maddalar, şol sanda wiruslar howa akymlary arkaly, aýratyn hem çylşyrymly ekologiýa ýagdaýynda geçip biler. Merkezi Aziýa ekologiýa nukdaýnazaryndan dünýäniň has duýgur sebitleriniň biri bolup durýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri Aral deňziniň meselesi bilen baglanyşyklydyr.
Aral zolagynda döreýän hemde giň geografik giňişlige ýaýraýan howa akymlary tebigata we howa ýaramaz täsir edýär hemde diňe bir şu sebitde däl, eýsem, onuň çäginden daşarda ýaşaýan adamlaryň saglygy üçin hem aýratyn howpludyr. Türkmenistan Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek ugrunda çykyş edip, bu başlangyjy ösdürmek üçin anyk ädimleri ädýär.
Bu ekologik betbagtçylygyň zyýanyny aradan aýyrmak maksady bilen ylalaşykly hereketleriň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň lukman alymlarynyň, ekologlarynyň we beýleki hünärmenleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz şeýle hünär babatdaky hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge, bu ýerde ýaşaýan adamlaryň saglygyny goramaga, ählumumy pandemiýa garşy göreşmek işine saldamly goşant boljakdygyny belledi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli Liderimiz we Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýew birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
“Nesil” gazeti,
14.07.2020ý.