Türkmenistanda gawun miwesini söýmeýän adam ýok bolsa gerek. Türkmen tomusyny gawunsyz göz öňüne getirmek hem mümkin däldir. Häzirki wagtda dürli gawun sortlaryň sany köpeldi welin, olary diňe ýörite hünärmen tapawutlandyryp bilýär. Olar gawundyr-garpyzyň täze görnüşlerini döredýärler we öňki görnüşlerini kämilleşdirýärler. Ençeme asyrlarda saýlap–seçmeleriň netijesinde türkmen daýhanlary gawunyň «Waharman», «Bişek», «Gök Gülaby», «Garrygyz» ýaly meşhur, şeýle hem onlarça görnüşini ösdürip ýetişdiripdirler. Bişen gawunyň güýçli ýakymly ysynyň, gury galyň sapagynyň bardygyny we agramynyň görnüşinden has uludygy hemmelere mälimdir. Mundan başga-da, bişen gawuny ursaň ýogyn ses çykarýar, bişmedik bolsa top ýaly ses edýändir. Gawunyň etinden şiräni bölüp alyp, ony gaýnadyp goýy şiresini alyp bolýar. Ol bolsa uzak wagtyň dowamynda zaýalanman saklanýar. Gysylyp alynan gawun şiresi açyk iki diwarly bug gazanlaryna guýulýar we gury maddasynyň düzümi 68-70% bolan goňur reňkli massa alynýança gaýnadylýar. Babadaýhanyň mirasdüşerleri bolan eždatlarymyz bize türkmen gawunlarynyň dürli ajaýyp nusgalaryny miras galdyrypdyrlar, olaryň arasynda tagamy we ysy bilen göreni haýran galdyrýanlaryda bar. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy netijesinde bu ajaýyp nygmatyň öňki şöhraty gaýtadan dikeldilýär, türkmen gawunlaryndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen topragynyň ajaýyp miweleriniň bu sanawyny ýene-de dowam etdirmek mümkin.
Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.