Maşgala — jemgyýetiň esasy söýesi. Ol nesil daragtynyň gülläp, dowamat-dowam bolmagy. Hormatly Prezidentimiziň maşgala agzybirligi barada edýän atalyk aladalaryna jogap etmek, maşgala mukaddesligini gorap saklamak kämil jemgyýetiň özenidir. Türkmen halkynda asyrlaryň jümmüşinden bäri tämiz maşgala däpleri saklanyp gelýär. Türkmen maşgalasynda ata — maşgalanyň galasy, ene — ojagyň sütüni hasaplanýar. Perzentleriň edep-terbiýeli, il-güne wepaly bolup ýetişmegi üçin öýde ata bilen enäniň sözi bir bolmaly. Ynsan üçin maşgalasyndan, çagalaryndan gymmatly zat ýok. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, eneligi we çagalygy goramak, sagdyn nesil kemala getirmek ýaly alyp barýan asylly işleri, Berkarar Watanymyzyň her bir maşgalasyny bagt atyna ataryp, asylly işlere gönükdirýär. Türkmen halkynyň milli ruhy gymmatlyklarynyň içinde iň kämil işlenip düzüleni perzent edebidir. Terbiýeli nesil jemgyýetde maşgala gatnaşyklarynyň berk hem kämil bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa milletiň öz geljegi barasynda çynlakaý alada edýänligini, geljegi akylly-başly gurnamaga çemeleşýändigini görkezýär. Çünki perzent adamzadyň ertiridir. Türkmene mahsus bolan ahlak we ynsanperwerlik sypatlaryny özünde jemleýän maşgala çagalaryna ýagşy görüm-görelde görkezýär. Çagalara ýagşy görelde bolmak bilen bir hatarda, olaryň geljekki maşgalanyň eýeleridigine göz ýetirip, öý işlerine ýakyndan kömek etdirmeli. Olara diňe zähmeti öwretmek bilen çäklenmän,. eýsem işleýärkäler sypaýçylykly sözleşmegi hem öwretmeli. Munyň üçin gyzlar ýa oglanlar bilen ejesi gürrüňdeş bolsa gowy bolýar. Olaryň her bir tabşyrygy dogry başarýanlygyny, akyllydygyny aýtmaly. Eger olar maşgala agzalaryna kömekleşmese, şol işi edip boljakdygyny nygtamaly. Türkmen halky maşgalanyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny milli däp-dessurlarymyz esasynda kämilleşdirýär. Mähriban Watanymyzda jemgyýetiň ilkinji başlangyç esasy bolan maşgala mukaddesliginiň belent derejede goýulmagy edep-terbiýeden gözbaş alýar.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.