Adamyň iň uly baýlygy onuň saglygydyr. Adam öz saglygyny berkitmek üçin esasy gök-önümlerden köp peýdalanmaly. Gök önümlerde adam saglygyna peýdaly witaminler köp bolýar. Şol sebäpden öz saglygyňyz üçin mümkin boldugyça köp peýda almak gerek.
Şugundyr: Onuň düzüminde B topara degişli witaminler köpdür. Witaminleriň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň we deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Şugundyryň düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök-önümleriniň arasynda öňdäki orunda durýar. Ondan başgada şugundyryň düzüminde demir we ýod köp. Şeýle hem, betanin ýaly madda bolup, ol dünük (rak) çişleriniň emele gelmeginiň öňüni alýar.Şugundyryň reňki näçe goýy boldugyça, onuň düzüminde şonça-da betanin köp bolýar.Ýöne şugundyryň şerbetini köp mukdarda içmeli däldir. Sebäbi şeýle ýagdaýda böwreklerde agyry peýda bolup biler.
Kelem: Bu gök-önüm minerallaryň hakyky hazynasydyr. Kelemiň düzüminde askorbin kislotasy limondakydan ýa-da mandarindäkiden hem köpdür. Eger-de, adam her gün kelem iýse, onda infarktyň we insultyň ýüze çykma howpy peseler. Kelemleriň içinde iň peýdalysy ak kelemdir.
Armyt: Bu miwe mikro we makro elementlere, organiki birleşmelere we witaminlere baýdyr. Olar efir ýaglarynyň kömegi bilen adamyň keýpini gowlamaga, dartgynlygyny aýyrmaga we hat-da depressiýadan çykarmaga ukyplydyr. Şeýle hem armyt biziň organizimimize energiýa berýär. Şol sebäpden-de, hünärmenler keýpsizlik wagtynda süýji önümleri däl-de, armyt iýmegi maslahat berilýär. Bu miwe temperaturaňyz peselen wagty hem peýda edýär.
Hoz: Hoz ýaglaryň we beloklaryň hakyky hazynasydyr. Hozlaryň islendik görnüşi adamyň organizmine oňyn täsir edýär. Mysal üçin, kelle beýnisiniň doly işlemegi üçin zerur kislotalar gerek. Olar bolsa kedr hozunda we adaty hozda köpdir. Olara dürli işdäaçarlary we süýjilikleri garyp, özüňiziň gündelik iýmitiňiziň arasyna goşup bilersiňiz.
Kädi: Kädi örän gymmatly iýmit önümidir. Özüniň az kaloriýalylygy we gowy siňýänligi üçin, ol köplenç çagalaryň iýmitine goşulyp bilner. Kädi kaliýa, pektinlere, karotinlere we witaminlere baýdyr. Şol sebäpden-de, ondan esasy naharlary we beýlekileri taýýarlamak bolar. Kädiniň düzüminde A witaminiň barlygy sebäpli ol ýaralaryň, ýanyklaryň we aşgazanyň baş keselleriniň bejerilişinde hem peýdalydyr.
Alma: Alma nerw ulgamynyň dogry işlemegi we oňat uky üçin peýdalydyr. C witamini biziň immun ulgamymyza organizimimizi dürli hili infeksiýalardan goramaga ýardam edýär. Ol, aýratyn-da güýz möwsüminde gymmatlydyr. Almada organiki kislotalaryň barlygy sebäpli, ol adama güýjüni aňsat dikeltmäge kömek edýär.
Nar: Nar juwanlygy saklamaga we işdäňi açmaga kömek edýär. Bu bolsa iýmitiň gowy siňmegine getirýär. Ol ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam edýär we gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar. Şeýle hem organizmiň öýjüklerini mümkin boldygyça köp wagtlap öz durkunda saklamaga kömek edýär.
Leýli ÇARYGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.