«ARKADAG» GAZETI WE «ARKADAG» TELEÝAÝLYMY HALKYMYZA ÝETIRILDI

Ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilýän günlerinde «Arkadag» teleýaýlymy we «Arkadag» gazeti öz işine başlady. 2023-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda,Telewideniýe, radio gepleşikler we kinematografia baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymy döredildi. 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy ýuridik şahs hökmünde döredildi hem-de gazetiň redaksiýasynyň Tertipnamasy tassyklanyldy. Häzirki wagtda «Arkadag» gazetiniň birinji we ikinji sanlary çapdan çykyp, okyjylara ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen döredilen bu hepdelik döwürleýin neşiriň esasy maksady täze taryhy eýýamda Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmekden we sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini görkezmekden ybaratdyr.

Şeýle hem «Arkadag» teleýaýlymynyň gepleşikleriniň ýaýlyma goýberilip başlanmagy bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, bu ýaýlym Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini we ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan giň gerimli işleri hemmetaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary esasynda döredildi. Arkadag şäheriniň şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek maksady bilen döredilen şeýle owadan Arkadag şäherini halkyna peşgeş eden hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize alkyşlarymyz egsilmezdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilýän döwründe ähli amala aşyrylýan taryhy we möhüm, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Hurmagül ANNAGURBANOWA,

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport

bölüminiň KA-nyň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA