AÝDYM-SAZ — YNSANYŇ GÖWÜN SYRDAŞY

Aýdym-saz — ynsanlaryň göwün syrdaşydyr, haçan-da aýdym-saz ýaňlananda, ynsan köňlünde ýakymly joşgun, ruhubelentlik duýgusy döreýär. Aýdym-saz döredijiligiň ajaýyp bir aýratynlygydyr, ol ynsanyň tutuş ömrüniň hemrasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet, sungat halkyň ruhy dünýäsini gözelleşdirýär. Ruhy dünýäniň gözelligi bolsa, kalbyň gözelliginden habar berýär. Biziň döwletimiziň hem medeni gymmatlyklary, aýdym-saz sungaty, olaryň saýrak bilbilleri bolan, hoş owazly bagşy-sazandalary bilen dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe. Türkmen ykbaly bagtly menzillere sary göterilen  medeniýeti hem sungaty Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün has-da galkynýar, ýagty ertirleri nazarlaýar. Hormatly Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa.» atly ajaýyp kitabynda mukamçy diýen ada eýe bolan bagşy-sazandalarymyzyň atlaryny we olaryň döreden mukamlaryny buýsanç bilen ýatlaýar. Asyrlar aýlanyp, heňňamlar özgerse-de gadyr-gymmatyny asla ýitirmejek gadymy aýdym-sazlarymyzy bagtyýarlyk döwrümizde hem aýdym-saz muşdaklary gyzylyň gyryndysyna deňäp, köňlüniň dür-genjine öwrüp diňleýärler. Şu ýerde meşhur bagşy Sahy Jepbarowyň aýdan aýdymlarynyň  XX asyryň 40-njy ýyllarynda döredilendigine garamazdan, olaryň nusgawy sungat eserleriniň hataryna goşulandygyny uly guwanç bilen aýdyp bolar. Mukamçy bagşynyň Türkmenistanyň halk ýazyjylary Rehmet Seýidowyň, Gara Seýitliýewiň, Kerim Gurbanepesowyň, Allaberdi Haýydowyň sözlerine döreden aýdymlarynyň edil türkmen halk aýdymlary ýaly ebedi dowam etjek we halkymyza uly ruhy lezzet berjek meşhur aýdymlardygy guwandyryjy hakykatdyr.

Milli aýdym-saz sungatymyza ýekeje kämil aýdym ýa-da nusgalyk saz goşmak üçin döredijiniň örän ýiti zehinli bolmagy zerurdyr. Saz gurallarynda notalaryň, owazlaryň, sesleriň birnäçesi jemlenen bolsa, dutardaky goşa tar olaryň şonça sazyny özüne siňdirip, haýran galdyryjy röwüşde ençeme täzeçil saz bölekleri hem heňleri ýüze çykarýar.

Dutaryň perdelerine basyp, tans oýnaýan barmaklar bolsa, her perdeden täsinden-täsin saz öwüşginlerini almak bilen, saz muşdaklarynyň saza, mukama teşne kalbyny lerzana getirýär.         

Milli aýdym-saz sungatymyzyň diňe sebitiň däl eýsem, dünýäniň  hem ykrarýetine eýe bolmaga mynasypdygyna bolan belent buýsanç duýgusyny döredýär. Şol belent duýgynyň joşgunyndan bolsa, milli aýdym-saz sungatymyzy giň jahana ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş-sena, hoşallykly sözleri zybanlardan zybanlara aýlanýar.

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap

 Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça

 esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA