Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup, onuň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, täze şäher sebitde iň iri we ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwrüldi. Şäheriň birinji tapgyrynda 336 sany bina we desga, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar gurlup ulanmaga berildi. Has takygy, bu iri şäheriň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy guruldy. Olar bilen bir hatarda, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň hem 14 sanysynyň gurulmagy taslamanyň örän giň geriminden habar berýär. 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi. Şäheriň ikinji iki gatly ýaşaýyş jaý toplumy, seýilgäh, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklary, ýol hereketiniň statistiki hasabatyny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligini amala aşyrýan elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň merkezleri bina ediler. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry 2023 – 2026-njy ýyllarda amala aşyrylar. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5 sanysy, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9 sanysy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36 sanysy, her biri 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36 sanysy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24 sanysy, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14 sanysy, Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzilleri, şäheriň awto toplumy hem-de bellige alyş bölümi bina ediler. Şeýle-de bu şäher 415,4 kilometr agyz suw, suwaryş, sil suwlaryny sorujy akabalary, suwuň derejesini peseldiş ulgamyny we lagym geçirijilerini, 62,9 kilometr gaz geçirijini, 344,2 kilometr elektrik geçirijileri, 210 kilometr aragatnaşyk ulgamlaryny, 74,9 kilometr awtomobil ýollaryny öz içine alar. Ýatladyp geçsek, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Arkadag şäheriniň baş metjidiniň düýbi tutuldy. Metjidiň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Baş metjidi her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4 sanysy bezär we olarda ýokary tizlikli liftler oturdylar. Minaralaryň biriniň içinde dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Minaralaryň birinde 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Biz ýaşlara zähmet çekmäne, döredijilik bilen meşgullanmaga, bilim almaga, okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyzyñ, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Ogulbibi MESKUTOWA,
TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgamy boýunça esasy hünärmeni.