21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş möwsüminiň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy. Alabaý itleriniň dag-derelerde gezelenç etdirilmeginiň olaryň tohumlyk häsiýetleriniň has-da berkemegine ýardam berýändigini türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän durmuş tejribesi subut etdi.
2019-njy ýylyň sentýabrynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ilkinji ýöriteleşdirilen merkeziň açylmagy alabaý itleriniň gymmatly tohumyny saklamak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak we ony ösdürip ýetişdirmegiň täzeçil usullaryny üpjün etmek meselelerine häzirki döwürde möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy. Bu täze binanyň açylmagy türkmen alabaýlaryna berilýän ünsüň neneňsi ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa milli gymmatlygymyz hasaplanylýan alabaýlaryň geljekde ösdürilip ýetişdirilmegine, mynasyp derejede taýýarlanylmagyna, olaryň dünýä derejesinde şan-şöhratyny artdyrmaga hem uly ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Ýöriteleşdirilen düzümiň döredilmegi bilen alabaýlaryň tohumyny ösdürmek boýunça giň möçberli işlere badalga berildi. Şeýle hem ol ajaýyp häsiýetli gorag itlerini saklamak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
Bu waka hormatly Prezidentimiziň ajaýyp alabaý itleriniň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berýän «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň çapdan çykmagyna gabat geldi. Şeýle hem dünýäde goragçy itleriň iň gowy görnüşi bolan alabaýlary mundan beýläk-de wagyz etmek, halkymyzyň milli gymmatlygyny ösdürmek işleri barada «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen birinji mejlisinde giňişleýin gürrüň edildi. Assosiasiýanyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda milli Liderimiziň türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny peýdalanmak boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak wezipesi durýar. Şeýle-de şol gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Änew şäherinde düýpgöter täze desgalaryň — weterinar bejerişhanasynyň hem-de öý jandarlaryny saklamak üçin toplumyň gurlup, ulanmaga berilmegi türkmen alabaýlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we olary giňden wagyz etmäge, kinologiýa işini we itşynaslygyň döwrebap ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen wajyp ädime öwrüldi. Weterinar hassahanasy öý haýwanlaryna hyzmat etmekde iň kämil toplum bolup durýar. Bu döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezi öý haýwanlarynyň kesellerini ýüze çykarmak we olary ýokary derejede bejermek üçin ýörite niýetlenen öňdebaryjy weterinar enjamlary bilen üpjün edildi. Täze toplum haýwanlara öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek boýunça hyzmatlary hödürleýär. Munuň özi epizootik abadançylygy üpjün etmek üçin möhüm şert bolup durýar. Bu ýerden uzak bolmadyk aralykda haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum bina edildi. Bu toplum döwlet derejesinde döredilen Türkmenistandaky şunuň ýaly edaralaryň ilkinjisidir. Toplum öý haýwanlaryny: pişikleri, itleri, guşlary we beýlekileri wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenen toplumdyr, şeýle hem bu ýerde balyklary saklamak üçin akwarium hem göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde haýwanlary ýokary derejede saklamak olaryň gaçmagynyň ýa-da şikes almagynyň öňüni almak, zerur bolan halatynda olara weterinar kömegini bermek üçin ähli zerur şertler döredildi. Şeýle merkezleriň gurulmagy türkmen halkynyň tebigata örän aýawly çemeleşýändigini, daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket edýändigini alamatlandyrýar. Türkmen jemgyýetiniň asylly ýörelgeleri ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, halkymyzyň aňynda pugta orun eýeledi we häzirki döwürde täze mazmun bilen onuň üsti ýetirildi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde alabaý itleriniň gurulmagy meýilleşdirilýän tohumçylyk merkezleriniň, şeýle hem paýtagtymyzda bina edilmegi göz öňünde tutulýan türkmen alabaý itleriniň bäsleşik merkeziniň taslamalary taýýarlandy. Munuň özi halkymyzyň wepaly syrdaşy we milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri hakynda edilýän aladanyň tutuş ýurt möçberinde özüniň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Alabaý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. Şeýlelikde, bahar paslynyň ajaýyp pursatlarynda milli Liderimiz özüne sowgat berlen Pälwan atly alabaý güjügine şu aşakdaky şahyrana setirleri bagyşlady.
«Pälwansyň sen, alabaýym,
Edermensiň sen, alabaýym.
Gerek bolsa gerçeksiň sen, alabaýym,
Türkmen milletiniň buýsanjysyň sen, alabaýym!»
Döwlet Baştutanymyz özüniň şahyrana döredijiligi bilen alabaýlaryň gaýduwsyzlygyny we edermenligini wasp edip, olary milletiň buýsanjy we gymmaty hasaplanýan ahalteke bedewler bilen bir hatarda görýär. Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde dünýäde meşhur bolan türkmen alabaýynyň heýkelini oturtmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi türkmen halkynyň wepaly syrdaşy hasaplanylýan alabaýyň hormatynyň belent tutulýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ine, bu gezek hem milli Liderimiz «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde ösdürilip ýetişdirilýän Pälwan atly alabaý iti bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinde gezelenç etdi. Türkmen halkyna mahsus bolan köpasyrlyk milli ýörelgelere laýyklykda, alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde olaryň gezim etdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi alabaý itleriniň öz eýesine bolan wepasyny artdyrýar.
“Nesil” gazeti,
23.07.2020ý.