JANA MELHEM, JANA DERMAN

Türkmen topragy — keremli toprak. Güneşli ülkämiz dürli ösümliklere, şol sanda dermanlyk ösümliklerine hem baý ýurt. Keremli türkmen sährasynda ösýän ösümlikleriň aglabasy hem dermanlyk häsiýetine eýedir. Bu ösümlikler hiç zat bilen çalşyp bolmajak dermanlyk serişde hasaplanýar. Häzirkizaman lukmançylyk tejribesinde dermanlyk ösümliklerini ulanmak möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen topragynda bihal ösümlik ýok. Munuň şeýledigine, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat ylmy-ensiklopediki işine ser salanymyzda hem göz ýetirýäris. Bu eseriň taýsyz ähmiýetleriniň biri-de, ondaky maglumatlaryň täze ylmy gözleglere çeşme bolup durýanlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary güneşli ýurdumyzda sagdyn durmuşy wagyz etmekde, keselleriň we gaýra üzülmeleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplarda keramatly türkmen topragynda bitýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň biri hem itburundyr. Bu ösümligiň ulanylyşy, peýdalanylyşy dogrusynda Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň birinji jildinde has giňişleýin maglumat berilýär.

Ýurdumyzda güýz paslynda ýetişýän dermanlyk häsiýete eýe bolan itburnuň şypasy il içinde giňden bellidir. Onuň bişen miwesi ýygnalýar, guradylan görnüşde dermanhanalarda halka hödürlenilýär. Tebigy ösümlikleriň peýdasyny bilip, gündelik durmuşda ulanmagy başaran ene-mamalarymyz itburnuň miwesinden ter we gury görnüşinde dürli önümler taýýarlaýarlar.

Bu pürli ösümlik bägüller maşgalasyna degişlidir. Oňa «ýabany bägül» hem diýilýär. Onuň süýrümtik, üljä çalymdaş, gyzyl ýa-da gyrmyzy, sarymtyl gyzyl reňkli miweleri bolýar. Itburnuň dermanlyk häsiýeti gadym döwürlerden bäri belli bolupdyr. Ol bedeniň immunitetini — kesellere garşy göreşijilik ukybyny berkidýär, bedeniň garramagynyň öňüni alýar. Itburun düzüminde C ýokumyny iň köp saklaýan miwedir. Meselem, C witamini itburnuň miwesinde limondakydan 50 esse, gara smorodinadan 10 esse kändir. Şonuň üçin ony güýz-gyş aýlary, sowuklama ýoňlamasynyň ýaýraýan döwri ulanmak örän peýdalydyr.

Itburnuň gaýnatmasyny yzygiderli peýdalanmak ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar, damarlary berkidýär, gan basyşyny peseldýär. Onuň gaýnatmasynyň işdä açyjy, ýakymly turşumtyk tagamy we süýjümtik tagamy bar. Itburnuň şiresi garylan çaý ýa-da miwesinden taýýarlanan gaýnatma ýylyň sowuk möwsümlerinde örän peýdaly. Bu halk tebipçiliginiň serişdesinden yzygiderli peýdalanylsa, sowuklama sökelliklerinden goranyp we keselden soňra çalt gowulaşyp, tiz aýaga galyp bolýandygyny lukmanlar aýdýarlar. Emma aşgazan keselleri bolanlar, allergiýalylar bu miwäni örän seresap ulanmalydyr. Itburun dişiň syrçasyny ýukaldýar, şonuň üçin ondan gaýnatmadyr şire içilenden soňra, agzyňy suw bilen çaýkamak maslahat berilýär.

 

 

TAÝÝARLAN: Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar