Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynyň dowamy bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze eseriniň çapdan çykmagy bütin halkymyzy diýseň begendirdi. Biz hemişe alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlere sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Çünki, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň ählisi il-günümiz üçin, aýratynam, biz ýaşlar üçin ýol-ýörelgedir.
Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi bu ajaýyp eseriň many-mazmunyny, ähmiýetini ýaşlaryň arasynda düşündirmek maksady bilen, etrabyň merkezi kitaphanasynda «Arkadagyň eserleri nur eçilýär ýüreklere» atly duşuşyk çäresini geçirdi. Duşuşyk çäresine etrabyň merkezi kitaphanasynyň, TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň jogapkär işgärleri hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden ajaýyp eseriniň ähmiýeti, çeperçiligi baradaky söhbetlere giň orun berildi. Okyjylar köpçüliginiň söýgüsine mynasyp bolan täze kitabyň çuň many-mazmuna eýedigi, ýurdumyzyň her bir raýaty üçin gymmatly gollanma bolup durýandygy we ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetiniň uludygy buýsanç bilen bellenilip, Milli Liderimize ajaýyp sowgady üçin egsilmez hoşallyk sözleri beýan edildi we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagy, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.