Bilim almak her birimiz üçin durmuşda öz saýlap alan ýolumyza, sarpa goýan kärimize ýetmekde başlangyç ädim bolýan bolsa, ylym öwrenip, şol ädimleriň badyny has-da belende göterýäris we durmuş ýolumyzy berkidýäris. Şeýle üstünlige ýetmekde kitaphanalaryň bimöçber hyzmaty uludyr. Bu paýhas ojagynda bilim almaga, ylym öwrenmäge ähli mümkinçilikler bar. Çünki kitaphanalar «paýhas köşgüdir».
Kitap — durmuşyň aýnasydyr. Hut şu aýnada şöhratly geçmişiň, bagtyýar şu günüň, şanly geljegiň görünýär. Biz kitap arkaly ine, şeýle mümkinçiliklere eýe bolýarys. Şonuň üçin bolsa gerek, onuň gadyr-gymmaty başgaça. Kitabyň ähmiýetiniň artyp, bagtyýar zamanada, ajap eýýamda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde aýratyn üns-alada bilen gurşalmagy genji-hazyna hasaplanýan kitap gymmatlyklarynyň belent derejä göterilmegi bolup durýar. Ýurdumyzda kitaphanalaryň, muzeýleriň we beýleki medeniýet ojaklarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi medeni aň-bilim syýasatynyň ösdürilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
19-njy iýulda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň Köneürgenç etrabynyň merkezi kitaphanasynda geçiren döredijilik duşuşygy turuwbaşdan keramat saýylýan kitabyň belent hormatyna, gadyr-gymmatyna we durmuşymyzdaky bimöçber ornuna bagyşlanýar. Bu döredijilik duşuşygynyň «Bilim — sütün, ylym — binýat» diýlip atlandyrylmagy hem geçirilýän döredijilik çäresiniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Duşuşyga guramanyň jogapkär işgärleri, etrap bilim bölüminiň wekilleri, kitaphananyň ýaş hünärmenleri, şeýle-de okuwçylar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda döredijilik wekilleri bolan ýaş şahyrlar, ýazyjylar täze düzen ajaýyp goşgularyny, eserlerini höwes bilen okap berdiler. Ýaş hünärmenler bolsa, kitaphanada saklanýan kitaplar, okamak üçin döredilýän mümkinçilikler, onlaýn hyzmatlary, şeýle hem öňde goýulan geljekki maksatlar bilen ýakyndan tanyşdyrdylar.
Köneürgenç etrabynyň gözel künjegini bezäp oturan merkezi kitaphana etrabyň ähli ýerlerinden gelýän höwesli okyjylar bilen döredijilik gatnaşyklaryny yzygiderli alyp barýar. Ýygy-ýygydan bu paýhas ojagynda edebi agşamlar, döredijilik wekilleri bilen duşuşyklar, şygyr agşamlary geçirilýär. Geçirilýän işler barada kitaphananyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Annatuwak Kakaýewa aýratyn ünsi çekip, şu günki maslahatyň hem nobatdaky ajaýyp duşuşyk bolandygyny buýsanç bilen belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan kitaplarynyň ähmiýeti hakynda çykyşlarda aýratyn bellenilip geçildi. Maslahatyň ahyrynda ýaşlarda kitaba söýgi döretmek, olary kitaphana giňden çekmek maksadynda şeýle maslahatlaryň mundan beýläk-de bilim bölümi we Ýaşlar guramasy bilen ýygy-ýygydan geçirmek barada netijä gelindi. Döredijilik wekillerine etrabyň Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Dabaraly duşuşyga gatnaşyjylar dünýäniň ösen döwletleri bilen bäsleşip bilýän kitaphanalary dünýä derejesinde gurduryp berýän, ol ýerde okyjylar üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.