Golaýda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrabyň Andalyp şäher medeniýet merkezinde mugallymlaryň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäre Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň taryhy ähmiýetini düşündirmek maksady bilen geçirildi. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler we Arkadagly Serdarymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipeleri dogrusynda giňişleýin bellenip geçildi.
Daýanç GARLYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.