Eziz ýaşlar! Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr.
Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir.
Ýaşlara etjek sargydym ― sport ynsanyň häsiýetini, maksada okgunlylygy, çydamlylygy, mertligi hemde durnukly bolmagy terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir.
Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda özüne ynam, merdemlik, güýç-kuwwat, çakganlyk, başarnyk, ruhubelentlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak häsiýetlerini terbiýeleýär. Şu ajaýyp häsiýetleri özünde terbiýelän adam uly hormata mynasypdyr.
Watansöýüji, giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir.
Her bir maşgalanyň asudalygy hem-de agzybirligi jemgyýetimiziň abadançylygynyň girewidir. Şoňa görä-de, watançy nesillerimiz maşgala ojagynyň asylly däplerini we milli ýörelgelerimizi dowam etmelidir.
Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty onuň zähmeti bilen kesgitlenýär.
Zähmetsöýerlik milletimiziň, jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň agzybirlikde we bolçulykda ýaşamagynyň esasydyr.
Beýik maksatlara ýetmek üçin, her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir.
Halallyk, arassalyk, kalby päklik, zähmetsöýerlik we watansöýüjilik durmuşda ýaşlarymyzyň baş ýörelgesi bolsun!
Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý etmek üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerjekdigine, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişjekdigine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdigine berk ynanýaryn!
Mähriban ýaşlar! Ozal hem aýdyşym ýaly, döretmek we gurmak adamzadyň durmuşyny gözelleşdirýär. Şoňa görä-de, okamak we öwrenmek, zähmet çekmek bilen kämillige ymtylmak ýaş nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr!
Mähriban ýaşlarymyz ylym-bilimleri, yhlasly zähmeti bilen, berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermelidir!
Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, Jan Watanym Türkmenistan!
Döwletimiziň garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde jemgyýetimiziň ähli ýaşdaky wekilleriniň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr.
“Nesil” gazeti,
06.08.2020ý.