MEDENIÝET — MIL­LE­TIŇ MERTEBESI

Hormatly Prezidentimiz täze kitabyny ýazyp tamamlady

Me­de­ni­ýet mil­le­tiň mer­te­be­si­ne de­ňel­ýär. Se­bä­bi me­de­ni­ýet mille­tiň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­ti­ren mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­nyň, edep ka­da­la­ry­nyň top­lu­my bo­lup, gel­jek­ki ne­sille­riň ruhy-ahlak jä­het­den kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin ýol çel­gi­si­dir. Hut şo­nuň üçin hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş­lary­my­zy mil­li däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek­li­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Mu­ňa 5-nji aw­gust­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň dynç alyş gün­le­ri­niň do­wam ed­ýän pur­sat­la­ryn­da hal­kymy­zyň asyr­lar aşyp gel­ýän ýag­şy des­sur­la­ry­na we türk­men hal­ky­nyň dö­re­den mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ne ba­gyş­la­nan tä­ze ki­ta­by­ny ýa­zyp ta­mamla­ma­gy hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz dynç alyş pursatlarynda wagtyny işjeň we peýdaly geçirmäge, şeýle hem edebi döredijilige bagyş edýär. Çünki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda täze eseri döretmek halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyryp, dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan paýhasly pederlerimiziň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, milli dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär. Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär. Belläp geçsek, häzirki döwürde bu ugurda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maksada gönükdirilen ylmy işler geçirilýär. Halkymyzyň däp-dessurlary, döreden milli gymmatlyklary, dünýä nusgalyk hünärleri ylmy taýdan öwrenilýär we olaryň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Munuň özi ösüp barýan ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde we asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýagşy dessurlaryň dowamata atarylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz täze eserinde taryhy çeşmeleri, toplanan maglumatlary ylmy esasda öwrenip, rejeläp, has-da kämilleşdirip, bir ýere jemläpdir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine aýratyn hormat goýýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem kitapda paýhasly bolmagyň zerurlygy, başyna barlan işiň rowaç bolmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Eserde halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň şöhratly ata-babalarymyzyň wesýeti hökmünde köpasyrlyk durmuş paýhaslaryny özünde jemleýändigi barada aýdylýar.

Öz eserinde döwlet Baştutanymyz geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamagyň, ertire ýetirmegiň her birimiziň we halkymyzyň öňünde durýan borçdugyny belleýär. Sebäbi her bir taryhy döwrüň ruhy ýörelgelerini döretmegiň aýratynlyklary hut şunda görünýär. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda tebigat bilen ynsan gatnaşyklary hakyndaky düşünje hem dürli wakalaryň üsti bilen giňden düşündirilýär. Şeýlelikde, kitabyň geçmiş bilen şu güni baglanyşdyrýandygyny, her bir halkyň medeniýetinde, şol sanda halkymyzyň türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň, asylly nusgalaryň jemlenendigini görmek bolýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden hem-de bize wesýet eden belent maksatlary şu günki we geljekki nesiller üçin nusgalyk bolup, olar durmuşda bolşy ýaly, çeper döredijilikde hem öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda toplan baý tejribesiniň we döreden mümkinçilikleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň täze kitabynda şu ugra möhüm üns berilýär

Döwlet Baştutanymyzyň täze eseri milli mirasymyzyň tutuş adamzadyň durmuş tejribesi bilen baglydygy hakynda gürrüň açýar. Hormatly Prezidentimiziň kämil ýaşaýyş, zähmetsöýerlik, nesil terbiýesi ýaly meselelere möhüm ähmiýet bermegi we türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik dessurlaryna berýän bahasy şol mirasyň köpugurlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň döreden paýhasly jümleleri, rowaýatlary, tymsallary we nakyllary jemgyýetde ol ýa beýleki asylly ýörelgäni ornaşdyrmagyň ähmiýetli gurallary bolup durýar. Şolaryň netijeli peýdalanylmagy bolsa eseri hasda baýlaşdyrýar. Şeýle usullaryň netijeli ulanylmagy we kämilleşdirilmegi milli Liderimiziň edebi eserleriniň gymmatyny hem-de ähmiýetini artdyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Garaşsyz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda eýeleýän orny has-da pugtalandy. Bu bolsa ýurt ähmiýetli çözgütleriň döwlet Baştutanymyz tarapyndan halkymyzyň köpasyrlyk däplerinden ugur almak bilen kabul edilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň täze döreden kitabynda belleýşi ýaly, «Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. 2020-nji ýylda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýy uly dabaralara beslenip bellenilýär. Bu baýramçylyk Oguz han zamanyndan bäri dowam edip gelýän parahatçylyk söýüjilikli dostluk taglymatlarynyň dabaralanmasy bolup, taryha ýazylýar». Şu ýörelgeler halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynda öz beýanyny tapyp, umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Mahlasy, milli Liderimiz halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary, türkmen halkynyň döreden milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirlerini jemläp, täze esere «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» diýip at goýdy. Döwlet Baştutanymyz täze kitaby ýazyp tamamlady hem-de ony neşire berdi. Munuň özi, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän şu ýylda jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli bagtyýar halkymyza ajaýyp döredijilik sowgady, aýratyn hem, ýaş nesillerimiz üçin milli terbiýe mekdebi bolar. Çünki müňýyllyklaryň sallançagynda üwrelip, kemala gelen milli däp-dessurlarymyz bu günki nesiller üçin döwletment pederlerimizden miras galan mizemez ýol­-ýörelgedir.

“Nesil” gazeti,

08.08.2020ý.