ÝO­KANÇ KE­SEL­LE­RIŇ ÖŇÜ­NI ALMAKDA ÝURDUMYZ TÄZE BAŞ­LAN­GYÇ­LA­RY ÖŇE SÜR­DI

Hormatly Prezidentimiziň BSGG-niň Baş direktory bilen wideoduşuşygy boldy

7-nji awgustda, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi. COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollary babatdaky meselä aýratyn üns berildi.

Baş maksat — tagallalary birleşdirmek

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus maslahaty açyp, milli Liderimiz bilen mähirli salamlaşdy hem-de ikitaraplaýyn köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge şahsy ýardamy we häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge başlangyjy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Soňra Türkmenistanyň Baştutanyna söz berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu duşuşyk häzirki döwürde degişli meseleler boýunça pikir alyşmak üçin gowy mümkinçilik bolup durýar. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz häzir bütin adamzadyň täze ählumumy howp — koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu ugurda amala aşyrýan çärelerini dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine doly laýyk getirip, halkara tagallalary koronawirusa garşy göreşde birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Hususan-da, ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we bilimiň beýleki ugurdaş ugurlarynyň hünärmenleriniň yzygiderli pikir alyşmagy üçin ähli zerur şertleri döretmegi teklip etdi. Nygtalyşy ýaly, bu başlangyjyň esasy maksady hünärmenleriň täze görnüşli koronawirusyň gelip çykyşyny, bu ýokanjyň döredýän keselleriniň ýüze çykyşyny, şeýle hem şol keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň usullaryny düýpli öwrenmäge gönükdirilen, köptaraply gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyz bu ugurda nusgalyk işleri alyp barýar

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy beýleki gyzyklanýan taraplar bilen bilelikde bu ugurda iş alyp barmaga taýýardygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň soňky aýlardaky ýüzlenmelerine we çagyryşlaryna hem-de BSGG-niň ýolbaşçysynyň başlangyçlaryna hormat bilen garaýandygyny belledi. Bilşimiz ýaly, bu ugurda ýurdumyzda şu ýylyň maý — iýul aýlarynda uly işler edildi. Mysal üçin, 22-nji maýda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy döwlet derejesinde tassyklanyldy. Bu Meýilnamada ýokanç keselleri anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak üçin zerur bolan maddy-tehniki binýady mundan beýläk-de berkitmek boýunça anyk çäreler bellenildi.

Ýurdumyzda häzirki wagtda ilaty ählumumy dispanser gözegçiliginden geçirmek işi alnyp barylýar, şeýle hem adamlaryň kesele durnuklylyk ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça degerli çäreler görülýär. Türkmenistan täze görnüşli koronawirusa garşy göreşde tehnologiýalaryň elýeterli bolmagy üçin esas bolup durýan C-TAP platformasyny döretmek baradaky BSGG-niň teklibini goldap çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu platforma COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşyny açyk-aýdyň açyp görkezmek, kliniki synaglaryň ähli netijelerini çap etmek, ylmy işleriň maglumatlarynyň adalatly paýlanmagy we elýeterli edilmegi üçin mümkinçilik hökmünde garalýar.

Türkmenistan öz tekliplerini öňe sürdi

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurtlaryň we halkara guramalaryň bilelikde alyp barýan işleri öz oňyn netijelerini berýär. Şonuň bilen bir hatarda, heniz COVID-19 ýokanjyna degişli köp sanly meseleler hem aýdyň bolman galýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz tekliplerini öňe sürýändigini aýtdy.

BIRINJIDEN, täze görnüşli ýokanjyň ýüze çykmagynyň sebäpleri häzire çenli doly çözülmedik mesele bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamasyny taýýarlamak gerek.

IKINJIDEN, COVID-19 ýokanjy sebäpli keselleriň ýüze çykmagynyň görnüşleri çylşyrymly mesele bolup durýar. Häzirki wagtda olaryň alamatlarynyň esasylary bize mälim we dem alyş ýollarynyň keselleriniň agyrlyk derejesi kesgitlenildi. Şoňa görä, milli Liderimiz BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usulyny döretmek barada oýlanmagy teklip etdi.

ÜÇÜNJIDEN, täze döreýän ýokanç keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň usullaryny kämilleşdirmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, adamlara täsirli lukmançylyk kömegini bermäge, olaryň netijeli bejerilmegine, ynsan ömrüni halas etmäge gönükdirilen tagallalary birleşdirmek zerurdyr.

BSGG ýurdumyzda alnyp barylýan işlere ýokary baha berýär

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus Türkmenistanyň Prezidentine mazmunly çykyşy hem-de teklipleri üçin hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň işläp taýýarlan milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek strategiýasyna hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary amala aşyrmaga bolan islegine ýokary baha berdi. Şeýle hem Baş direktor duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleriniň wajypdygyny aýdyp, olaryň umumadamzat üçin ähmiýetli bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan hemmetaraplaýyn öwrenilip, Türkmenistan bilen bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy onlaýn maslahatyň ahyrynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de jemgyýetiň saglygyna abanýan täze howplara we wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmäge taýýarlygyň bardygyny bellediler.

Öňe sürlen möhüm wezipelere garaldy

Onlaýn duşuşygy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny, daşary işler ministrini hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrini çagyrdy. Maslahatyň barşynda BSGG-niň ýolbaşçysy bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň çäklerinde öňe sürlen möhüm wezipelere garalyp, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, kesgitlenen meýilnamalary ýerine ýetirmek jogapkärçilikli we ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäni talap edýär. Şeýle hem häzirki wagtda amala aşyrylýan işler hem-de öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda seredilen meseleleriň möhümdigini bellemek bilen, ýurdumyzyň halkara düzümler bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň we bu ugurda bar bolan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň wajyp meselesidigini aýtdy. Kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, anyk çäreleriň görülmegine netijeli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, anyk tabşyryklar berildi.

“Nesil” gazeti,

11.08.2020ý.