(Hekaýa)
Mähellesi ýetik otly menziliniň bu gün hem goh-galmagaly, şatlyk-şowhuny özüne ýetikdi. Menziliň meýdançasyny daşyndan synlanyňda, kimler gitjekleri ugratmak üçin başagaý bolsa, ýene kimler özi ugrajak bolup, agyr goşlaryny kä ýerde goýup, kä ýöräp, otla tarap howlugýardylar. Menziliň dükanydyr, naharhanasy hem köp adamlydy. Otly menziline gelip saklanan ulagdan düşen Gülälek gelneje nurana nazaryny otla dikip durşuna, ogluna münmeli wagonynyň belgisini aýdyp, suw alyp gelýänçä goşlara seredip durmagyny sargap, dükana gitdi. Azadyň deňinden geçip barýan başagaý adamlar onuň ünsüni çekdi. Ol töwerek-daşyny hyrydar nazar bilen synlady. Ejesi Azady köp garaşdyrman geldi. Olar otla tarap ýörediler.
Wagona münen Gülälek gelneje bir-ä elindäki petege, birem küpäň belgisine seredip saklandy, içerdäki özünden öň ýerleşen oglanlara salam berdi.
- Salam, gowumysyňyz!
- Salam! — diýip, onuň yz ýany bilen gelen Azadam oglanlara salam berdi.
- Salam, salam, geliň!
- Getiriň, gelneje, goşlaryňyzy ýerleşdirip bereli! — diýip, olar ýerli-ýerden kömekleşdiler. Goşlaryny ýerleşdirip bolansoňlar, Azat ejesine:
- Eje, men menzili synlajak — diýip, koridordaky penjirä ýöneldi.
- Bolýa — diýdi-de, ýolda iýmek üçin niýetläp alan zatlaryny çykardy. Oglanlara hödür etdi.
- Alyň, iýip oturyň!
- Ýok, sagboluň!
- Ýoluň ýakyn, uzaklygy ýolda bile ýoldaş bolan adamlaryňa bagly diýýärler. Tanyşlyk açyp, ondan-mundan gürrüň etsek, nädip Daşoguza baranymyzam duýmarys. Maňa Gülälek gelneje diýýärler, ýanymdakam körpe oglum Azatjan! — diýip, otlyň penjiresinden dünýäni unudyp, daşaryny synlaýan ogluny görkezip, olara seretdi.
- Dogry aýdýaň, gelneje, men Selim, ýanymdaky dostum Batyr — diýip, Selimiň dilewarlygy, Gülälek gelneje bilen çalt sözleriniň alşyp gitmegine sebäp boldy.
- Görýän welin, tomus rugsadyna barýan talyplar ýalyla siz — diýip, Gülälek gelneje mähirli ýylgyrdy.
- Hawa, ýöne, talyplyk ýyllarymyz göz açyp ýumasy salymda geçip gitdi, Maýa Kulyýewa adyndaky konserwatoriýany tamamlap, nesibämiz çeken sungat mekdebine işe ýollaýyş hatymyzy alyp, indem dogduk obamyza barýas! — diýip, Selim şadyýan ýyldyrdy.
- Tüweleme! Kesbiňizden kemal tapyň!
- Sagboluň!
Olaryň gürrüňini gapydan giren ýolbelet böldi:
- Ýerleşdiňizmi! Ýoluňyz bolsun! Gerek zadyňyz barmy — diýip, ýylgyryp
durşuna, içerdäkilere birlaý göz aýlady, onýança:
- Gök çaý bolsa kem-ä bolmazdy — diýip, Gülälek gelneje ýolbelede soňam, garşysyndaky oglanlara seretdi.
- Baş üstüne, häzir getirýän — diýip, gitdi.
Gülälek gelneje ogluny çagyrdy:
- Azatjan, hany, gel, oglum! Çaý içeli hem dynjyňy alarsyň!
Gapydan giren Azat ýylgyryp durşuna:
- Eje, otlyň penjiresinden seredip, gaty köp zatlary gördüm, şäheri synladym — diýip, öz şatlygyny paýlaşasy geldi.
- Gördüm, oglum! Otur, çaý içeli, soň synlaber, bolýamy!
- Ýok, eje, çaýy özüňiz içiberiň, meniň entek görmeli zatlarym köp — diýip, mürähetden ýüz dönderdi-de, geçelgedäki oturan ýerine geçip, menzilden uzaklaşyp barýan otlynyň penjiresinden barha yzda galyp barýan şäheri synlady.
Ol çykyp gidensoň, ara biraz dymyşlyk aralaşdy. Gülälek gelneje ilki näme barada gürrüň etjegini bilmän biraz ýaýdandy, soňam:
- Döwrüňe döneýin, şu eşretli zamanada okamagam, işlemegem uly bagt.
Biziň talyp mahallarymyza oba gaýtmagymyz uly görgüdi — diýip, Gülälek gelneje talyplyk ýyllaryny ýatlady.
- Gülälek gelneje, siz haýsy okuw mekdebini tamamladyňyz? — diýip, Selim bilesigelijilik bilen sorag berdi.
Gapydan eli çäýnek-käseli giren ýolbelet gürrüňi böldi.
- Ynha, çaýyňyz! Noş bolsun! Başga gerek zadyňyz barmy? — diýdi.
- Ýok, jigim, sagbol! — diýip, Gülälek gelneje oňa minnetdarlyk bildirdi.
Çaýy käselere guýup, soňam öz ýany bilen alyp gelen gutaplaryndan oturanlara hödür etdi.
- Uniwersiteti tamamlansoň, durmuşa çykyp, tä Azatjan dogulýança, orta mekdepde mugallym bolup işledim, soň.... — diýip, sözüni ahyrlap ýetişmänkä:
- Eje-e, seretsene, bärde bir-birine meňzeş gum depeleri ýaman köp eken — diýip, olaryň sözüni böldi.
- Gördüm, oglum! Gel, hany, irden içen çaýyň, şondan soň zat iýmediň-ä,
Ajygansyň, daýzaň seniň üçin gutap ugratdy — diýip, Gülälek gelneje şol hemişeki mylakatlylygy bilen ogluny öz ýanyna çagyrdy.
Azat ejesiniň diýenine boýunegijilik bilen ýerine geçip oturdy. Gülälek gelneje, kiçijek stoluň üstüni dürli naz-nygmatlardan doldurdy. Biraz demini alan gök çaýy käselere guýup, oglanlara hödür etdi. Şol wagt gapydan:
- Goňşular, sag-aman gidip barýaňyzmy! Işdäňiz açyk bolsun! Bizem goňşy küpeňizde ornaşdyk — diýip, daşyndan seredeniňde, Gülälek gelneje bilen ýaşytdaşlygy bildirip duran daýza içerdäkiler bilen hal-ýagdaý soraşdy.
- Hawa, soranyňyza sag boluň! Geliň, goňşy, şu wagtjyk çaý içmäge hyýallanyp otyrdyk, geleniň gowy bolaýdy — diýip, oturmana ýer görkezdi.
Azat howlukmaçlyk bilen:
— Eje, ýene ýekejesini berseň bolýa, soň men ýoly synlap gitjek, entek köp zatlary görmeli — diýdi.
Gülälek gelneje:
— Bolýa, oglum — diýip, ýylgyrdy.
Çaý başynyň gürrüňi has hem gyzdy. Näzik daýza-da edil Gülälek gelneje ýaly alçak eken, şonuň üçin ýolagçylaryň ählisi bilen sözi alyşdy. Oturanlaryň arasynda ýeke Azat edilýän gürrüňlere goşulmaýardy. Onuň bar ünsi açyk duran gapynyň penjiresinden görünýän Garagum sährasyndady. Otly bolsa, şol gidip oturuşyna ulgam-ulgam depeleriň, alaň-alaň çägeleriň deňinden geçip, gum obasynyň içi bilen geçip barýardy. Sähra üýtgeşik bir sazlaşyk berip duran kiçijek dünýäni synlap barşyna, onuň barha ýüregi joşýardy. Ol bu pursatlary sözsiz synlap biljek däldi. Şonuň üçin begenjinden ýaňa gursagyny ýaryp çykaýjak tolgunmasy bilen:
— Eje-e-e, seretsene, hana eşeklije daýy barýar, oňa seret, goýunlary daşary çykarypdyrlar. Olaryň köplügini görýäňmi, eje, ana, ho-o-ol asmandaky guşlary gördüňmi, eje, baýyrlyklaryň üstüne çykyp, çagalaryň oýnap ýörenlerini bir gör, eje! Ol Alabaý itiniň owadanlygyny, hakyt çopan iti diýilýäni, göwresem ullakan eken, ýanynda oýnap ýören çagajyk ondan gorkmaýar görýäňmi!? — diýdi.
— Görýän, oglum! — diýip, Gülälek gelneje oglunyň diýýän zatlaryna ýylgyrmak bilen jogap berdi.
Azat özüniň ýaşyna laýyk gelmeýän hereketleri bilen gözüniň görýän zatlaryny düşündirýärdi. Ilki onuň bu hereketlerine üns berilmedigem bolsa, bu wagt oturanlaryň ählisiniň göreçleri Azada gönügipdi. Gülälek gelneje oglunyň özüni beýle alyp barmasynyň sebäbini düşündirmese, oturanlarda oňaýsyz ýagdaýyň döremegine sebäp bolup, artykmaç soraglaryň ýüze çykjagyny bilýärdi. Şonuň üçin elindäki çaýly käsesini owurtlady-da:
— Oglum, bar, ýolbelet daýydan sora, Daşoguza haçan barýas — diýip, ogluny ugradanyny kem görmedi.
Soňam çaýdan boşan käselere çaý guýup oturyşyna dillendi:
- Oglumyň özüni alyp barşyny geňirägem görýänsiňiz, aýyplaşmaweriň!
Azatjan dört ýaşyndaka göz keseline uçrap, görmekden galdy, ýyllar boýy onuň derdine derman tapjak bolup barmadyk lukmanymyz, etmedik emimiz galmady. Ahyry näçe barlagdan soň, Aşgabatda bir ökde lukman «Düýpli bejergisini bersek gutular» diýdi. Bereket tapsyn, aýdyşy ýaly boldy. Oglum üç aý hassahanada ýatyp, bejergi aldy, ine, bu günem öýe gaýtmak nesip etdi — diýip, çaýly käseleri birin-birin oturanlara uzatdy.
Öz ýanyndan «Bähh.bu şu ýaşyna ýeten oglanam bir zat görmedik bolar eken-ow, ejesi arasynda çagasyna ýol-yz görkezmeli eken-dä», «zat görmedik», «şu oglan ýa-ha samsyk bolmaly ýa-da däli, ýosgam zol-zol görýän zatlaryny ejesine buşlap oturmazdy» ýaly ençeme oý-pikirleriň üstüne suw sepilen ýaly boldy. Olaryň kalbynda Azada bolan nebsiagyryjylyk duýgusyny döredi. Şol pursat Selim hakydasyna indi talyplyk dünýäsine gadam basanda, saz sapagyndan bilim beren mugallymynyň sazy bilip däl, kalbyňyz bilen duýup çalmaly, şonda siziň ýürekden ýetirjek bolýan zadyňyz diňleýjiniň kalbyna aralaşar diýende, sapakdan soň ýörite gözüni baglap, saz çalmana oturany, saza imrinip oturyşyna, ýanyna gelen otagdaşlarynyň sesine zöwwe ýerinden galyp, ýörejek bolup ýykylany, gülki bolany, bir pursatlyk ýatlama bolup hakydasynda janlandy. Şol pursat näme diýip, näme goýjagyny bilmän, dymyşyp oturanlaryň ümsümligini Selim bozdy:
- Gülälek gelneje, ogluňyz ýyllar boýy gözi görmän nädip ýaşady? — diýip, içki pikirini orta atanynam duýman galdy.
- Oglum görmekden galansoň, dünýäni meniň gözüm bilen görüp başlady. Men oglumyň elmydama ýanynda bolmak üçin mugallymçylyk kärimi taşladym. Bar pişäm oglum boldy. Onuň her bir berýän soragyna ýaltanman, gaharlanman jogap berýärdim. Sebäbi ösüp barýan ýaş çaga gaty bilesigeliji, soragçyl bolýar. Azatjanam bir zadyň sesini eşitdigi «O näme» diýip soraýardy, men jogap berýärdim. Ol bolsa aýdýanlarym bilen kanagatlanman, nähilidigini düşündirmegimi sorardy. Käteler aýdýan zadymy suratlandyryp düşündirmek has agyr düşýärdi. Ýöne näme, öz perzendiň agysy agyň bolýan eken. Ýyllar boýy ykbalyň ajysyny ýuwudyp, ogluma süýjüsini bagyş etmek üçin jan etdim.
Gülälek gelnejäniň mähirden doly ýüzündäki ýygyrtlarynyň ýöne ýerden düşmäni görünip duranam bolsa, olara sabyr-kanagatyň, dogumlylygyň barlygy duýulýardy. Ene üçin dünýäde perzendinden eziz zadyň ýoklugyny ömrüniň dowamynda göre-göre gelýän Näzik daýza gözlerine ýaş aýlady. Garşysynda oturan gelin bu wagt onuň göreçlerinde dünýädäki iň beýik zenanyň keşbine girdi. Ol:
- Ogluň şu ýagdaýa düşensoň, ýeke gezegem ejizlemediňmi!
- Ejizledim, başga çagalarym ylgaşyp oýnap ýören wagty körpämiň boýnuny burup, bir çüňkde olaryň edýän hereketlerini seslerinden aňlajak bolanda, käteler ýanyma gelip, eje, men indi doganlarym bilen oýnap, olar ýaly ýagtylygy, dünýäni görüp bilmerinmi diýen wagty ejizligim tutup aglasym gelýärdi. Ýöne men ejizlesem oglumyň menden on esse köp ejizlejegini bilip, derdimi içime salýardym. Durmuş kynçylygynyň öňünde ejizlemezligi, nähili kynçylyk bolanda-da, mertlik bilen ýeňip geçmelidigini özümem öwrendim, ogluma-da öwretdim.
Biraz ýygra bolansoň, oňly gürrüňe goşulyp bilmän oturan Batyr gepi başga ýere sowmak isledimi ýa bilesigelijiligi üçinmi:
- Gelneje, şol ýokarda duran dutary ogluňyz çalýamy? — diýdi.
- Hawa — diýip, Gülälek gelneje baş atdy.
- Gözi görmeýän bolsa dutar çalmany nädip öwrendi! — diýip, içki pikirini
orta atan Selim oslagsyz sorag bereni üçin oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Ara düşen dymyşlygy Gülälek gelneje bozdy:
- Azatjanyň dünýäsi daralyp durmuşa bolan ynamy gaçan günleriň birinde öýümize bagşy Baýram daýym geldi. Çaý başynda gaýynlaryma birki saz çalyp berende, Azatjan gözi batylam bolsa, saza imrinip diňledi. Sazyň jadyly güýjüne maýyl bolan oglum saz öwrenmäge döwtalap boldy. Baýram daýym «Oglanyň yhlasyny ýykmaň, öwrenjegi çyn bolsa, ýegenime öwredäýerin» diýip, saz öwretdi. Oglumyň saza bolan yhlasy güýçli boldumy ýa daýymyň oňa öwrederi çyn boldumy, birki aýda saz çalmany öwrendi. Gijeler howlymyzyň çüňkine geçip, ýuwaşlyk bilen saz çalyp, gijelerini daňa ýetiren günlerem az bolmady. Ýöne men oglumyň şu wagta çenli çalýan sazlarynda nähilidir bir ýüregiňe ynjalyk bermeýän gussany duýýaryn — diýip, Gülälek gelneje Selimiň ýüzüne seretdi.
Selim halypa mugallymlarynyň aýdan öwütlerini ýadyna salyp oturuşyna:
- Gelneje, bize okuwda halypalarymyz islendik saz öwredenlerinde-de, ilki duýup, saz tebigaty wasp edýärmi, ynsanlarymy, olaryň duýgylaryny wasp edýärmi, umuman nämäni beýan edýänligini bilip, soň çalmaly, durmuşdaky bolup geçýän wakalara seljerme edeniňizde, edil saz öwrenişiňiz ýaly boluň diýip, öwretdiler, belki, siziň ogluňyzyň gözi görmeýänligi diňe duýgularyna daýanyp çalýanlygy üçin gussaly bolýan bolmaly — diýip, Selim otlynyň penjiresinden uzaklara seredip duran Azada seretdi.
- Belki.....
- Gelneje, ogluňyzy çagyryň, men oňa bir saz öwredeýin, belki mundan soň ol gussaly saz çalmasyny bes eder — diýip, Selim hyýalyna gelen pikirini diýdi.
Şol pursat Gülälek gelnejäniň ýüzündäki ýylgyryş zym-zyýat boldy. Ol hyýalyna ýyldyrym çaltlygynda gelen pikir bilen:
- Öwrenip bilermikä!? — diýip, içindäki nähilidir bir ynjalyksyzlygyny bildirip gürledi.
- Synanyşyp göreýin! — diýip, Selim höwesli dillendi.
Gülälek gelneje bir ogluna, birem Selime seredip, biraz ýaýdandy, soňam:
- Azatjan, gel hany, oglum!
- Näme boldy, eje!
- Oglum, Selim agaň saňa saz öwretjek diýýä, öwrenjekmi!
Azadyň saza bolan söýgüsi ony pikirlendiribem durmady.
- Elbetde, hany dutarymy alaýyn — diýip, göwünjeňlik bilen ýokarda duran dutaryna el uzatdy. Soňam Selimiň ýanynda ykjam ornaşdy.
- Hany, ilki seň eliňi bir göreli, bir saz çalsana — diýdi.
Azat indi saza başlanam şoldy welin, Selim ony saklady:
- Tüweleme, saz çalşyň erbet däl, gel, seň bilen şu sazy öwreneli — diýip, dutaryň taryna kakdy. Azat onuň çalşyny diňläp, özi gaýtalajak boldy, bolmady.
- Zyýany ýok, käbir adamlar diňlän zadyny şo bada çalyp bilmeýär. Ýuwaş-ýuwaş öwrenersiň — diýip, yhlas bilen dutaryň taryna kakdy. Gülälek gelneje dilden razy bolanam bolsa, hyýalyndaky «Öwrenip bilmese, oglumyň göwni ynjar» diýen pikiri oňa ynjalyk bermedi. Ol bir göwnüne «Boldy, bes ediň, öwrenmek hökman däl, öz çalşyň ýaly çalyber» diýäýesem geldi-de, zenan bolup ýaşlaryň, onda-da çagasynyň ýüzünden almany özüne uslyp bilmedi. Oturanlaryň ählisi sessiz olara seredýärdiler. Esli wagtdan soň, ilki ýuwaşlyk bilen, soňam batly saz ýaňlanyp ugrady. Şol pursat penjireden görünýän mawy giňlik öňküsindenem giňelen ýaly duýuldy. Bu ýaňlanýan sazda süýjülik hemem özüne imrindirijilik bardy. Ol gül-gülälekli meýdanlary ýadyňa salyp, göwnüňi galkyndyrýardy. Kalbyňa nähilidir bir mähremlik çaýyp, biygtyýar ýylgyrmaga mejbur edýärdi. Saza maýyl bolup oturan Gülälek gelnejäniň hakydasynda Azadyň öz deň-duşlarynyň yzyna düşüp, döwletli-döwranly günleriň gapysyndan ätlejek günleri janlandy. Özüniň şunça ýyllap çeken gussasynyň sazyň owazy belentledigi saýyn, özünden ara açyp barýanyny duýdy. Ol gözlerinden syrygýan bagt ýaşlaryny oturanlara duýdurman ýaglygynyň ujy bilen süpürdi. Azadyň maňlaýyndan syrygýan derler bolsa, yhlasyň ýerine düşenliginiň alamatydy.
Gunça ORAZOWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň
1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.