ÝAŞLARA NESIHATYM BAR

HALYPA MUGALLYMYŇ SÖZI

Alymlaryň şu wagtky döwre çenli geçiren barlaglary bir zady subut etdi: Okamak beýniň işjeňligini artdyryp, her birimizde ruhy galkynyş döredýär. Okamak lezzet bagyşlaýar. Okan adam aladalaryny unudyp, biraz wagt bolsa-da, gaýybana syýahatda bolup, dynç alýar. Okamagy daş-töwerege, giň jahana düşünmek diýip düşünýärin. Çünki kitap ýaşaýşyň bezegi. Dünýäni dürli dillerde ýa-da dürli garaýyşlarda göz öňüňde janlandyrmak mümkinçiligi diňe kitaplarda bardyr. Kitapda ýaşaýşyň suraty keşdelenýär. Ýöne biz ony dürli-dürli çitimlerde görýäris.

Okamak durmuşyňda döreýän meselelerden ünsüňi sowmagyň ajaýyp usulydyr. Okyjy az wagt bolsa-da, öz dünýäsinden özge älemde syýahat edýär.

Kitap — bilimleriň binýady. Ýaşlar bu binýadyň eýeleridir. Çünki ýaşlar kitap bilen geljegi gurarlar diýsem, öte geçdigim bolmaz. Bilimiň berk bolsa, geljegiň binýady hem berk bolýandyr. Geljegiň binýady ýaşlarda görülýän bolsa, döwlet hem mizemez binýady bilimli ýaşlar bilen görýär. Bilim alyp, ylym öwrenip, ýaşlar kämil hünäre eýe bolýarlar.

Kitap adamyň aňynda kemala gelýän pikirleriniň we durmuş akymynyň arasyndaky arabaglanyşygy sazlamak bilen, özboluşly täsir edýän güýçdür. Sebäbi kitapda gudrat jemlenendir. Keramat saýylýan sözler adamyň kalbyny baglap, ýagşy umytlara, ýagty ertirlere tarap ýol açýar.

Türkmen halky owal-başdan okumyş, şahyrana, suhangöý, çeper söze gadyr goýýan halk. Ata-babalarymyzyň okamak, öwrenmek, dünýä akyl ýetirmek baradaky arzuw-islegleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşýar. Şahyrana pederlerimiziň bu arzuw-islegleri biz ýaşlar üçin nusga alarlykdyr. «Okaýan adam Hudaýa ýakynlaşýar» diýmekleriniň özi hem giň many-mazmuna eýe. Çünki okaýan adam ak bilen garany, ýagşy bilen ýamany, çyn bilen ýalany, haýyr bilen şeri saýgaryp, netije çykaryp bilýän adam. Dana akyldar Magtymguly Pyragynyň «Alymlara uýsaň, açylar gözüň» diýen setirlerinden hem belli bolşy ýaly, özüňe bildirilýän ynamdan, halypalaryň maslahatlaryndan netije çykarmak, adamyň görüş çägini giňeldýär. Biziň döwrümiz bolsa, diňe giň dünýägaraýyşly, akylly, paýhasly, bilimli ýaşlary talap edýär. Şonuň üçin-de, öz ykbalymyzy ösüşlere sary özgertmek biziň özümize bagly.

Ýaşlara nesihatym bar: giň dünýäniň gapylary kitap bilen açylýar, ähli üstünlikleriň gözbaşynda bolsa, bilimiň, zehiniň durýan bolsa, şu bilimi, şu zehini kitapdan alýarsyň. Onda näme, Okaň! Okaň! Okaň!

 

Meretgül ESENOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy

etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Öňki makala

UMYT ÖWÜŞGINI

Indiki makala

WATAN

Meňzeş habarlar