Onisim Pankratowyň welosiped arkaly amala aşyran täsin syýahaty hemmäni haýran galdyrýar. Dünýäni ulagly, uçarly ýa-da atly däl-de, welosipedli geçmek, megerem, ýeňil bolmasa gerek. Emma öz döwrüniň ussat harby uçarmany bu işiň hötdesinden gelýär. 1911-nji ýylda başlanan welosipedli syýahat 1913-nji ýylda tamamlanýar.
Bernard Şou şeýle belleýär: «Üstünlik gazanmak üçin talant gerekmi ýa-da zähmetsöýerlik? Eýsem, welosiped ýaryşynda ýeňiş gazanmak üçin öňdäki teker möhümmi ýa-da yzdaky?». Dünýä belli ýazyjy üstünlik gazanmagy welosiped sürýän türgeniň hereketi bilen deňeşdirmek isleýär.
Albert Eýnşteýniň pikiri bolsa, has üýtgeşik: durmuş edil welosipediň hereket edişine meňzeýär, deňagramlylygy saklap bilseň, hereket edip bilýärsiň.
Karl Marksyň tigirdäki hereketi durmuş bilen baglanyşdyrmagy bada-bat ünsüňi çekýär: tigirleriň aýlanmagy arkaly aýaklaryňy ädimme-ädim hereketlendirýärsiň, belki durmuşda hem şeýledir.
Ispan ýazyjysy Ramon Gomes de la Serna welosiped sportunyň sirk sungaty bilen baglanyşygyny düşündirmek isleýär: «Welosiped sportunda ähli zat sirkdäki ýaly ellerde bolýar».
Iňlis ýazyjysy Gerbert Jorj Uells «Haçan-da men welosiped sürýän uly ýaşly ynsany görsem, adamzadyň geljeginden arkaýyn» diýip belleýär. Mark Twen: «Haçanda welosiped sürýän adamy görsem, men adamzadyň geljeginden gorkmaýaryn» diýipdir. Şonuň üçin bolsa gerek, daglyk ýerlerde welosipedi sürmegiň dünýä belli türgeni Geri Fişer welosiped sürýän adamy özüniň dosty hasaplapdyr.
Dünýäniň köp sanly ýokary okuw jaýlarynda welosiped ulagyndan peýdalanýarlar. Munuň özi, welosiped sürüp, nobatdaky sapagyna barýan talybyň arassa howada şähdaçyk we ruhubelent dynç almagyna ýardam berýär. Onuň saglygy berkitmekdäki ähmiýeti bolsa has-da ýokarydyr.
Ýewropa welosiped sportunyň ilkinji dörän ýeri. Çünki sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji resmi oýunlar 1869-njy ýylda Fransiýada geçirilýär. Gysga taryhy döwrüň içinde uly meşhurlyga eýe bolan welosiped sporty 1896-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär.
Gurbanmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.