DUZLY KOFE (hekaýa)

Duşuşyk pursady. Neneň ajaýyp pursat!

Duşuşyk pursady dowam edýär. Ýigit gyzy kofe içmäge çagyrdy. Teklip kabul edildi.

Gyz haýrandy, ýigit şu pursada deňiç özüne çekmedi, bir söz gürlemändi, teklip onuň ilkinji sözüdi. Gyz ýigidiň kofe içmäge çagyran teklibine garşy bolmady. Hormat-sylag manyda onuň bilen bäş minut oturmaga razy boldy. Şeýlelik-de, ikisi çaýhana girdiler.

Ýigit tolgunýardy, ýüregi gürs-gürs urýardy. Hiç zat gürlemeýärdi. Ýigidiň boz-ýaz bolup oturşy gyzy biynjalyk etdi.

Gyz gitmekçi boldy. Soňky pursatda ýigit saklady we çaýhananyň hyzmat ediş işgärini çagyryp:

-Maňa azrak duz getiräýiň, kofeme goşaýjakdym-diýdi. Gyz-da, daş-töweregindäki oturan ýaşlar hem haýran galdylar. Duzly kofe! Nähili geň zat! Duz goşup kofe içmek akla sygjak zat däldi. Haýran galaýmaly, ýigit aklyndan azaşdymy-ka?!

Ýigit näçe gyzarsa-da, daş-töweregindäki, esasan-da, gyzyň ünsünden özüni azat ýaly duýdy we duz goşulan kofeni içip başlady. Synlap oturan gyz:

-Haýran galaýmaly, siziň endigiňiz örän täsin!

-Ýaşlygym deňziň boýunda geçdi. Men her gün deňziň kenarynda oýnardym. Deňziň duzly suwunyň tagamyny henizem syzyp durun. Şu tagam bilen ulaldym. Şu tagamy söýdüm. Kofa şonuň üçin duz goşup içýärin. Her gezek duz goşamda çagalygym, deňziň boýundaky öýümiz we bagtyýar maşgalam ýadyma düşýär. Ata-enem häzirem şol deňziň boýunda ýaşaýar. Olary şeýle bir göresim gelýär...

Ýigit gamgyndy. Diňleýän gyz hem tolgunýardy. Garşysynda öz duýgularyny çyn ýürekden düşündirýän, öýüni, maşgalasyny göresi gelýän, öýüm diýýän, maşgalam diýýän birgeňsi ynsan otyr. Öýüm diýip ymtylýan ynsan. Duýguly ynsan...

Gyz şeýle ynsan bilen gürrüň edýändigine şat. Ol hem gürrüň bermäge başlady. Onuň öýi hem uzaklardady. Edil çagalygy ýaly. Ol hem maşgalasy hakynda gürrüň berdi. Bu gürrüňdeşlik biri-birine teşne kalplarda dörän söýgüň başlangyjydy.

Duşuşmaklygy dowam eden iki ýaş juwanyň söýgi kyssasy edil ertekilerdäki ýaly tamamlandy. Perizat öz şazadasyna gowuşdy. Ýaşlar toý etdiler. Ömürleriniň ahyryna deňiç bagtyýar ýaşadylar. Perizat haçan kofe taýýarlasa, içine az-kem duz goşýardy, hawa, ömürboýy şeýle hem etdi. Neneň etmesin, şazadasy duzly kofeniň aşygy.

Aradan 40 ýyl geçdi. Ýigit dünýäden gaýtdy. Öz perizadyna bir hat galdyrdy. Hatyň mazmuny şeýledi:

“Ezizim, ýeke-tägim. Haýyş edýän, meni bagyşla. Durmuşymyz bir ýalan sözüň üstünde gurlupdy. Ol meniň durmuşymdaky birinji we ahyrky sözlän ýalan sözümdi. Bagyşla. Duzly kofe gürrüňini ýatlaýaryn.

Ýadyňa düşýärmi, ilkinji duşuşygymyz. Şonda örän tolgunypdym we howlugypdym, şeker diýmekligiň ýerine duz diýipdirin. Sen we daş-töweregimizdäkiler maňa haýran galypdyňyz. Ýalňyşypdyryn diýip aýtmaklyga utanyp, ýalan sözümi dowam etmeli boldum. Bu ýalan sözüň biziň gatnaşygymyzyň açjakdygyny hyýalyma-da getirmändirin. Tötänleýin bolupdy. Soň saňa aýtjak bolup, niçe gezekler jan etdim. Başarmadym. Seni öýkelederin öýtdüm we seniň barybir meniň bilen bagtlydygyňy, maňa gelip ýalňyşmandygyňa bolan buýsanç meni rahatlandyrýardy.

Indi bolsa, maňa gorkara zat ýok. Şudur meniň hakykatym: Men duzly kofeni halamaýaryn. Onuň tagamy ajy. Emma duzly kofe içip gezendigime hem ökünmeýärin. Meniň bagtymyň açary bolan duzly kofeden men hemişe minnetdar. Eger dünýä gaýtadan gelmeli bolsam, seň bilen ýaňadan tanyşardym we seň bilen ýene soňky demime deňiç, seniň bagtyň üçin ýaşardym. Gerek bolsa, ikinji durmuşymda hem bütin ömür duzly kofe içmäge taýýar. Bagyşla ýarym...”

Haty okap, garry enäniň gözýaşlary püre-pür boldy. Ol hem ökünmedi, ahyr durmuşy şu pursada deňiç bagtly boldy, ol ýigit ony soňky demine deňiç bagtly edipdi ahyry. Duzly kofe iki ýaş juwanyň bagtynyň açarydy.

Haçan-da nebereleri babasynyň içen duzly kofesiniň tagamy bilen gyzyklananda, garry ene tolguna-tolguna şu sözi diýipdi:

-Ol kofe örän tagamlydy!

Bellik. Ýigit barada sorasaňyz, ol bagtly ýaşandyram, bagtly maşgala gurandyram, emma ömürboýy ah çekip ýörmekligi, onuň bagtsyzlygynyň bir alamaty dälmi?! Tötänlikleriň üstünligine kepil ýok. Tötänleýin tanyşlyk, tötänleýin duşuşyk... Nähili söýseňem, sen bolşy ýaly söý, şonda bolşuň ýaly hem söýlersiň. Ýaşlara sapak bolsun diýýän. Ýalan söz bilen maşgala gurmaň. Aldamagy endik edinmäň. Hakykat hemişe süýjidir. Süýji ýaşamak size bagly, bagtyň şowly açary siziň mertligiňize, durmuşyň süýjilik torty bolsa, hakykaty çeper sözde beýan etmek bolan ukybyňyza gönüden-göni baglydyr. Hakykaty aýdýan adam ýalkanar, ahyr hakykatçynyňky şowuna bolmazmy, şowlulyk getiren bagtyň özi onuň ýalkanmasy dälmi?!

Tötänlikler aýratyn dünýä. Ol kä ýarym sizi dogry ýola, kä ýarym kötel ýollara eltýär. Bagtyň açary haçan, nirede we nähili size gowuşjagy nämälim. Emma bir hakykat mälim: bagt mydama siziň eliňizde.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar