EKOLOGIK TAÝDAN ARASSA ULAG

Adamzadyň abadançylygyna we bagtyýarlygyna täsir edýän islendik ýagdaý dünýäniň bada-bat ünsüni özüne çekýär. Dünýä döwletleriniň üns merkezindäki iňňän möhüm meseleleriň biri bolan ekologiýa arassalygyny saklamak meselesidir. Hut şu nukdaýnazardan welosiped sporty şeýle möhüm meseläniň çözülmeginde oňaýly täsir eder. Ekologik arassalygyň nusgasy bolan welosport häzirki wagtda dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunynyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip ykrar edilmegi her birimizi guwandyrýar. Welosiped sporty gysga taryhy döwrüň içinde ýurdumyzda giň meşhurlyga eýe bolup, halkymyzyň kalbyndan orun almagy bu sportuň iňňän möhümdigini äşgär ýüze çykardy. Çünki welosiped sporty ekologik nukdaýnazardan, saglygy berkitmek taýdan hem möhüm orunda durýan sport görnüşidir. Onuň adamyň işjeňligini we zähmete bolan yhlasyny artdyrýandygy aýratyn bellärliklidir. Ine, şeýle sport indi dünýäde ykrar edilýär we her ýylyň 3-nji iýuny ähli döwletlerde, şol sanda, biziň ýurdumyzda hem bu şanly sene ýokary derejede bellenilýär.

Sport halklary ýakynlaşdyrýar, hoşniýetli gatnaşyklara ýol açýar. Welosiped sporty hem öz öňünde goýan belent maksatlary bilen halklaryň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýar. Döwletimiziň belent başlangyçlarynyň goldaw tapyp, dünýä jemgyýetçiliginiň hem seslenmegi türkmen döwletiniň dünýäde belent ykrarnama eýe bolandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Muny welosiped sportyny ösdürmek babatyndaky ýurdumyzyň başlangyjynyň uly goldawa eýe bolandygyndan hem görmek bolýar.

 

Serdar ŞYHYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Öňki makala

DUZLY KOFE (hekaýa)

Meňzeş habarlar