BENEWŞE GÜLLER (hekaýa)

Gülleriň içinde iň owadany, iň näzigi, megerem, benewşe gülleri bolsa gerek. Onuň uzyn örümlerine, çogdamlanyp giden zülplerine syn etseň-ä, «zülpjan» diýdirýär. Hakykatdan-da, ol gyrda, sähranyň gyrtyçly, sonar ýaýlasynda biten benewşä – ak reňkli lälä çalym edýär. Bu gül hakyndaky hekaýa henizem aňymda. Haýran galýan. Gülüm şol bir görnüşini üýtgetmeýär, şol ýylgyryşlar. Ilkinji gezek seredenimden, özünde beýhuş eden ýaryň güli, görki. Henizem ýadymda, ýaz günleriniň biridi. Hawa, öz Gülümi begendirip, ilkinji sowgat beren günüm üýtgeşik gün bolupdy. Şonda meni aňk eden Gülüm hemişelik «Ýazymyň güli» bolup galdy...

...Gülnäz ikimiz bir obada bile önüp-ösdük. Biz kiçijik çagakak, bileje oýnaýardyk. Gülnäziň kakasy harby adam bolansoň, harbylaryň durmuşy hemişe onuň göwnünden turardy. Harby gullukçylara Gülnäziň hormat-sarpasy çäksizdi: «Watan goragçylary il-günüň iň ynamdar adamy. Olaryň gelşikli tikilen harby lybaslaryna nazaryň düşen-de buýsanjyň artyp, kalbyňda ata Watana bolan söýgi has-da çuňlaşýar. Sak durup, Watan goraýyşlary bolsa, nesillere nusgalyk ýol-ýörelge. Parahat durmuşymyzyň goragçylaryna näçe hormat goýsak hem az» diýip, ýakymly garaýşyny beýan ederdi. Gülnäziň harby gullukçylara goýýan sylag-hormaty, mende hem harby adam bolmak höwesini döretdi. Gülnäz hem, men hem ylym-bilime höwesekdik. Mekdepde geçilýän derslere oňat ýetişýärdik. Harby adam bolmak höwesi meniň okuwa hem sporta bolan islegimi öňküden-de güýçlendirdi. Sebäbi gowy okap, sport bilen yzygiderli meşgullansam, Gülnäziň kakasy ýaly harby adam boljakdygyma ynanýardym. Eger harby adam bolsam, «Ýaz gülüme» gowşaryn diýen umytdadym.

Şeýdip, bar üns-aladamy okuwa, sporta berdim. Ýagşy arzuw-umytlary kalbymda besläp ýörşüme, mekdebiň soňky ýylyny nädip tamamlanymyzy hem duýmadym. Öňümde Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý etmek borjy-da durdy. Ajaýyp günleriň birinde harby wekillikden gelen adam harby gulluga çagyryş hatyny getirdi. Şol gün üýtgeşik duýgulary başdan geçirdim. Özümiň harby lybasly Watan goragynda duran pursadym göz öňümde janlandy. Gülnäziň gözel keşbi ör-boýuna galdy. Özüne bolan ýakymly garaýşymy Gülnäz duýýan bolsa-da, duýýandyr. Çünki gyz ýüregi syzgyr bolýar ahyry. Ýöne ykbal bilen bagly meseläni gümürtik halda goýup biljek däldim. Goşun gullugyna gitmänkäm, onuň bilen duşuşyp, oňa inçe duýgularymy beýan etmegi makul bildim. Gülnäz oba tikinçilik kärhanasynda zähmet çekýärdi. Bu ýerde işe başlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, ol ezber tikinçileriň biri hökmünde özüni tanadypdy. Ol obamyzdaky bagyň içinden geçýän ýodajyk bilen işe gatnardy. Ynha, bu gün men Gülnäziň ýoluna garaşyp durun.

       —Gülnäz, salam!—diýip, gyzyň öňünden çykdym. Garaşylmadyk ýagdaýda peýda bolmagym Gülnäzi tisgindirdi.

—Myrat, salam! Sen bu ýerde näme işleýärsiň?!—diýip, ol sowal berdi.

—Saňa garaşyp durun, Gülnäz!— diýip, menem gönümden geldim. Gülnäz, aljyraňňy ýagdaýa düşüp, birbada dymmakdan özge çäre tapmady. Birdenem:

—Näme aýtjak bolsaň, aýdyber, Myrat, diňleýärin!—diýip, buýtar-suýtarsyz, çürt-kesik jogaby talap edýän sowaly öňümde kesertdi.

—Nemeee...Gülnäz, şu pursada, ikiçäk duşuşyga nähili garaşanymy sen bir bilsediň! Şeýle duşuşygy her gün küýsedim. Ahyry şu gün arzuwym hasyl boldy. Basym goşun gullugyna gidýärin. Saňa bolan garaýşymyň üýtgeşikdigini aňýan bolmagyň hem ahmal. Ýöne bu hat saňa bolan garaýşymy, «ýagdan gyl sogrulan ýaly edip» aýdyňlaşdyrar—diýip, jübümdäki haty alyp, Gülnäze uzatdym.

Aňyrdan görnen gara Gülnäz ikimizi hoşlaşmaga mejbur etdi. Adaty günlerde hepdäniň nädip geçenini duýmarsyň welin, häzir bir günüm bir aýa dönüpdi. Gülnäziň berjek jogaby meni öz erkime goýmady. Dürli oý-pikirleriň girdabyna çümdüren, wada berlen bir hepde-de doldy. Ýene-de men Gülnäziň ýolunda keserdim. Ol şol gün maňa känbir ýüz hem bermedi. Gülnäziň bolşundan men göwün edibem durmadym. Gyzyň hereketleri ulugyza mahsusdy. Indi men Gülnäziň alnyndan aýrylmadym.

Ol birbada kabul etmese-de, soňy bilen «söýýän» sözümi kabul etdi. Şol gün men özümi diýseň bagtly duýdum. Gepiň keltesi, men söýgüli ýigit bolup harby gulluga ugradym. Esgerlik dünýäsi meni gujak açyp garşylady. Gülnäz ikimiziň aramyzda gatnaýan hatlar bolsa, söýgi oduny barha tutaşdyrýardy. Meniň ýazýan hatlarymy Gülnäze uýam Arzygül gowşurýardy. Bizi goldaýany üçin Arzygülden men diýseň hoşaldym. Geçip duran günler gulluk möhletimi azaldyp barýardy. Söýgi hatlary hem öňkisi ýaly gatnap durdy. Dogrusy, men Gülnäziň didaryny görmäge howlugýardym. Beýle waka bolar öýdüp, ýatsam-tursam pikir etmezdim. Ol waka syrly başlandy. Gülnäze ýazýan hatlarymyň birden jogapsyz galmagy meni çuň oýa batyrdy, Haýdan-haý Arzygüle hat ýolladym. Arzygülden gelýän jogap hatlarda hem Gülnäz barada ýazylan soraglaryma jogap ýokdy. Bir gezek ejeme jaň edip soranymda hem, ol meniň raýymy ýykmajak bolup, belli bir zat aýtmady. «Şu günler göremizok» diýen ýönekeý söz bilen düşündirjek boldy.

Gulluk borjumy tamamlap, öýe dolanyp baranymdan soň, Gülnäziň jorasy Hurmagüliň ýanyna howlukdym. Ondan Gülnäz hakda soranymda, ol başga zatlar barada gürrüň berdi. Men ondan dogrusyndan gelmegi haýyş etdim. Ol Gülnäzi uly köçeleriň birinde awtoulagyň kakyp, aýagyna şikes ýetendigini aýtdy. Şonuň üçin Gülnäz: “Men hakynda Myrada hiç zat aýtmaň, ol berk bedenli, sagdyn ýigit. Meniň oňa ýük bolasym gelmeýär. Men sebäpli bagtygara bolmagyny islemeýärin” diýipdir. Onuň hassahanadadygyny eşidenimden soň, öýe alňasadym. Mellekdäki ak benewşe güllerden çemen baglap, hassahana tarap haýdadym. Gülnäz meni görüp, ýüzüni tutdy. Men oňa:

—Gülnäz, özüňi oňaýsyz duýma! Düşen ýagdaýyň seniň ejizlemegiňe sebäp bolmaly däldir. Sen mert gyz ahyry! Bu zatlaryň soňy gowy bolar!— diýip, göwünlik berdim. Gülleriň içinde eý görýän benewşe güllerimi oňa uzatdym. Gülnäziň ak ýüzi benewşe güller bilen bäs edýärdi. Ol ter gülleri gaýta-gaýta ysgady-da:

—Sag bol, Myrat!—diýip, hoşallyk bildirdi. Şol wagt lukman hem gapy- dan girdi. Ol:

-Gülnäz, jigim, barlagyň netijesi bilen tanyşdyraýyn. Sen pişekli ýöräp bilersiň. Bu seniň utuşly tarapyň, jigim!— diýdi. Gülnäziň başyna düşen ýagdaý oňa bolan söýgimi has-da möwç urdurdy.

Bu aralykda men Gülnäziň garry enesiniň öýüne bardym. Onuň bilen gepleşdim.  Gyzyň ýagdaýyny nazarda tutup, ol biziň toý etmegimize garşy çykdy. Men oňa Gülnäz bilen goş birikdirjekdigimi aýtdym. Ol näme jogap berjegini bilmän, haýran galdy. Men öýe dolandym. Gülnäze öýlenjekdigimi ata-eneme hem çürt-kesik aýtdym. Olar meniň bu bolşuma ör-gökden geldiler. Asyl oňlaslary gelmedi. «Gülnäzi ýürekden halaýaryn. Onuň bilen bagtly boljakdygyma ynanýaryn» diýenimden soň, olardan ses çykmady. Gülnäziň atasy ilki biziň toý tutmagymyza garşy çykan bolsa-da, atamyň gudaçylyga barmagy bilen ähli zat çözüldi.

Şeýdip, biz toý etdik. Men harby adam bolmak höwesimi hasyl etmek maksady bilen, ýokary harby okuw mekdebine okuwa girdim. Bu Gülnäzi hem diýseň begendirdi. Gülnäzli waka söýgüniň güýjüniň köp zatlary amala aşyrýandygyny maňa ýene bir gezek göz ýetirtdi. «Türkmen ýigidi öz ýaryna wepaly bolmalydyr» diýen dana jümlelere eýermegiň durmuş rowaçlyklaryna eltýändigine magat düşündim.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Indiki makala

BILSEDIŇ...

Meňzeş habarlar