Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapyndan Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda «Arkadagyň paýhasy — nurlandyrýar bu Garaşsyz Diýary» ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirildi. Bu çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hormatly Arkadagymyzyň çuň manyly, taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri, kabul edilen çözgütleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň taryhy mejlisinden gelip çykýan wezipeler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler we ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan döwletli tutumlary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Aýnur ÝUSUPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.