ÝAŞLAR — BERKARAR WATANYMYZYŇ ÖSÜŞLERINDE ULY GÜÝÇDÜR

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrap medeniýet öýünde «Ýaşlar — berkarar Watanymyzyň ösüşlerinde uly güýçdür» atly dabaraly maslahat geçirdi. Şeýle şygar astynda geçirilen maslahata halk hojalygynyň dürli pudaklarynda we jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

     Maslahatda edilen çykyşlarda bagtyýarlyga beslenen döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen jemgyýetinde ýaşlara uly ornuň berilýändigi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döwlet derejesinde bimöçber aladalaryň edilýändigi, olaryň dünýä derejesinde bilim almagy, öz bilimlerini yzygiderli artdyrmagy, ylym bilen meşgullanmagy, dürli hünärleri özleşdirmegi, sanly tehnologiýalardan oňat baş alyp çykmagy üçin giň şertlerdir mümkinçilikleriň döredilýändigi baradaky gürrüňlere giň orun berildi.

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň durmuşynda bolup geçýän şatlykly we taryhy ähmiýetli wakalar dogrusynda aýdylanlar uly dykgat bilen diňlenildi. Köpetdagyň gözel künjeginde bina edilýän Arkadag şäherindäki edaralaryň, gulluklaryň ýolbaşçy wezipelerine aýratyn-da ýaşlaryň bellenilmegi olara bildirilýän belent ynamyň nyşanydygyny çykyş edenler bellediler. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri maslahata gatnaşyjylaryň diliniň senasyna öwrüldi.

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar