Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde garalan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygary baş ýörelge edinýän we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyny zähmet üstünlikleri bilen garşy alynmalydygyny belläp geçdi.
Gahryman Arkadagymyz mejlisde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ikinji ýylynyň şöhratly wakalara örän baý bolandygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin «Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyz saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmegiň, iş ýerlerini döretmegiň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagy üçin beýleki şertleri üpjün etmegiň, köp çagaly maşgalalara we döwletiň kömegine mätäçlere hemaýat bermegiň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridigini aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan alty ugur barada aýtdy.
Halk demokratiýasynyň gözbaşynda duran Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde garaljak meseleleriň il-günümize, halkymyza sala salynmagy agzybirligiň, jebisligiň, birek-birege ynamyň pederlerden galan nusgasydyr. Halk Maslahaty türkmen halkynyň milli demokratiýasynyň asylly ýörelgesidir.
Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde dürli ugurlarda halal zähmetleri bilen tapawutlanyp, işläp üstünlikleri gazanan, il arasynda uly abraýy bolan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak boýunça hem alnyp barylmaly işler barada belläp geçdi.
Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda, ýagny 24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge, döwletimiziň barha kuwwatlanmagyna we gülläp ösmegine gönükdirilen çözgütleri kabul eder. Biz-deputatlar hem bu ugurda halkymyzyň arasynda degişli wagyz-nesihat işlerini alyp bararys.
Eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin döwlet ähmiýetli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Maral GARAGULOWA,
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky
22-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Watan gazeti. 2023-nji ýylyň 29-njy iýuly