TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY — HALKYŇ ARZUWLARYNYŇ HASYL BOLMAGY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2023-nji ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 18-nji iýunynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirip, onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alyp maslahatlaşylmagy hem-de möhüm çözgütleriň kabul edilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmeklik maksady bilen ýakynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde Wekilbazar etrap häkimligi, TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşi, TDP-nyň etrap komiteti, TAP-nyň etrap komiteti bilen bilelikde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — Halkyň arzuwlarynyň hasyl bolmagy» atly dabaraly maslahaty geçirildi.

     Onda Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylynyň dowamynda ähli umumy ösüşiň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän döwlet hökmünde Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyran, agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyran wakalaryň ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze mümkinçilikleri hakynda buýsançly çykyş etdiler.

     Elbetde, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakasyna öwrülip, milli senenamamyzda möhüm orun eýelär. Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda beýik işler edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumly işleri hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Hajar GARRYÝEWA,

TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK