“BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ WAGTY HOŞ GEÇÝÄR”

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz tarapyndan çagalara uly üns berilýär. Olaryň oňat dynç almagy, wagtlaryny hoş geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki günlerde bolsa, tomsuň sapaly günlerinde bagtyýar çagalaryň dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzdaky “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar, geçirilýän bäsleşiklere, aýdym-sazly, medeni-dynç alyş dabaralara yzygiderli gatnaşyp, olar ertekili we goşguly kitaplary okap öz wagtlaryny şadyýan geçirýärler.

     Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, welaýat çagalar kitaphanasynyň hem-de ady agzalan merkeziň bilelikde guramagynda “Ata Watan bagtyýarlyk mekany-ýaňlanyp dur baky bagtyň mukamy” ady bilen şowhunly oýunlar geçirildi. Has takygy, welaýat çagalar kitaphanasynyň işgärleri merkezde dynç alýan dürli ýaşdaky çagalaryň arasynda bolup, olar türkmen halk ertekileri esasynda düzülen gurjak oýunlaryny görkezdiler.

     Täsirli guralan sahna oýunlarynyň dowamynda çagalar kitaphanasynyň kitap sergisi hem boldy. Bu ýerde ertekili we goşguly kitaplar boýunça “Kim bilmeşek” , “Täsinlikler meýdançasy” atly sorag-jogap hem alşyldy. Bu bolsa, bagtyýar çagalarda uly gyzyklanma döredip, olaryň wagtyny gyzykly hem-de hoş geçirmäge uly mümkinçilik berdi. Bir söz bilen aýdanymyzda, bu ýerde dürli maksatly guralýan her bir çäreleriň baý many-mazmuny çagalaryň durmuşynda täze bir sahypany açýar.

     Goý, asuda zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň nowça gülleri bolan eziz çagalaryň gülki sesleri, şat owazlary hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

 

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK