ÇAGALARYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR

     Kitap ylym we bilimiň egsilmez çeşmesi bolmak bilen bir wagtda ol adamyň iň ýakyn dosty, iň uly maslahatçysy hasaplanylýar. Durmuşda esasan hem kitap bilen çagalaryň has ýakyn gatnaşykda bolmagy zerur hasaplanylýar. Çünki, kitap çagalaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, olaryň okamaga, öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar.

     Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmeklerini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň kitap okamaga bolan  höwesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde türkmen halk ertekili kitaplary okamak boýunça çäre geçirildi. «Bagtyýar zamananyň bagtly körpeleri» ady bilen geçirilen kitap okamak çäresine merkezde dynç alýan dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdy.

     Çärede, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmenleri merkezde dynç alýan dürli ýaşdaky çagalara halk döredijiligiň iň bir gadymy görnüşleriniň biri bolan türkmen halk ertekilerini okap berdiler. Olar ertekileriň terbiýeçilik ähmiýeti, gahrymançylykly keşpleriň bolsa, çagalary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty dogrusynda giňişleýin gürrüň  berdiler. Bu bolsa, bagtyýar çagalaryň wagtyny gyzykly hem-de hoş geçirmäge uly mümkinçilik berdi.

     Çäräniň ahyrynda bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Parahat HAŞYMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK