Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diňe bir zähmet üstünlikleriniň ýyly bolmak bilen çäklenmän eýsem, taryhy wakalaryň hem ýyly bolýandygy bellärliklidir. Golaýda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahatlar merkezinde geçirilen bu mejlisde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taryhy waka mynasybetli golaýda Ýolöten etrabynyň Momataý Geňeşliginiň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde welaýat we Ýolöten etrap zenanlar bölümleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesiniň dowamaty» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan zenanlar bölümleriniň Geňeş we işjeň agzalary, mährem eneler, bilim, medeniýet ulgamlarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.
Maslahatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler dogrusynda söhbet açylyp, çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 18-nji iýulynda paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy we Milli Liderimiziň şol mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek baradaky beren tabşyryklary babatynda giňişleýin gürrüň edildi
Maslahatyň ahyrynda, eziz Watanymyzy ösüşlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.