Halk umman ýaly giň. Ol özünde ümmülmez hazynany jemleýär. Has çuňluklardan gaýdyp, döwürleri aşyp gelýän halkyň döreden eserleri bolsa, şu günlerimize çenli öz gymmatyny ýitirmän, gaýtam, kämilleşip biziň durmuşymyza, nesillerimiziň terbiýesine öz oňyn täsirini ýetirip gelýär. Ynsanyň döreden zatlaryna gözümiz öwrenişen hem bolsa, ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan biziň şu günümize ýetirilen gymmatlyklarymyz türkmen halkynyň näderejede zehinli bolandygyny açyk-aýdyň görkezip dur. Irki döwürde atalarymyz ýokdan bar edip, hojalygyna, durmuşyna gerek zatlary, ähli gurallary we esbaplary elde ýasap, ussaçylygyň aýratyn nusgasyny döreden bolsalar, enelerimiz öý-ojaklarynyň içini-daşyny güle besläp, çeper ellerinden çykan nepislikleri bilen gaýtalanmajak ajaýyp sungaty döredipdirler.
Geliň, türkmen halkynyň ak öýüni alyp göreliň. Ýelden-günden, yssydan-sowukdan goranmak üçin, türkmen aga ony şeýle bir rejeli oýlap tapypdyr welin, dünýäniň men diýen ussalaryna «gaýry dur» diýdirýär. Gelin-gyzlarymyz bolsa, ak öýüň içini nepis halylardan doldurypdyrlar. Ynha, gapysyndan ätläp girersiň welin, lowurdap duran çog gyzyl halylara, çuwaldyr torbalara gözüň düşer. Ene-mamalarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan keşdeçilik, halyçylyk sungatlarynyň hem ýokary derejede ösendigini, olaryň biziň günlerimize eli çeper gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilip, goraglanyp ýetirilendigi taryhyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, milli gymmatlyklarymyz ene-mamalarymyzdan bize galan mirasdyr.
Türkmen zenanlarynyň döredýän islendik el işini alanymyzda, bir hakykata göz ýetirmek bolýar. Ýürek mähri siňdirilip yhlas bilen edilen işleriň deňsiz-taýsyz gözellige, gaýtalanmajak sungat eserine deňelmegi ýöne ýere däl diýdirýär. Türkmen gelin-gyzlaryna baha berjek bolsaň, olaryň elinden çykan işlerini, keşdedir nagyşlaryny synlaýmalydyr. Eli hünärli gyzlar il içinde aýratyn hormata eýe bolupdyr. Keşde çekip, gaýma gaýap, milli egin-eşikleri bezeýän gelin-gyzlaryň zähmetine «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilmeginiň özem bu işiň sabyr-kanagatlylygy talap edýändigini aňladýar. El işleriniň birnäçe görnüşleri bolup, alaja hem olaryň biridir. Alaja inçe hem nepis iş. «Alaja aladyryn, nagyşa läledirin» diýlişi ýaly, alaja salnan islendik nagşyň gözelligini has artdyrýar. Şonuň üçin el işlerini alajasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halk arasynda alajanyň ruhy güýjüniň bardygyna ynanypdyr. Halkymyz ony gözden-dilden goraýjy hökmünde ulanypdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar» diýip belleýär. Milli lybaslara, el işlerine, haly-palaslara aýratyn öwüşgin çaýýan alajanyň ak bilen gara sapaklardan işilmegine, örülmegine halkymyzda gije bilen gündiziň sazlaşygynyň beýany hökmünde garalýar.
Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje manyly ömründe nesil terbiýesi bilen birlikde «Eden işi nusgalyk, sözlän sözi güwälik» diýilýän zenanlaryň hatarynda bolup, milli el işlerini çeperlik bilen ýerine ýetirip, türkmen gyz-gelinlerine terbiýe mekdebidigini bellemek gerek. Mähriban enäniň 2021-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylan gelin kürtesini görenimizde-de muňa aýdyň göz ýetirýäris. Eli çeper zenanyň baldyzy üçin ýigrimi günde bejeren kürtesi bu gün muzeýiň gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biridir. Ine, ýakynda bolsa Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň mähriban gaýynenesiniň ören alajasyny iş guraly bilen Döwlet muzeýine gowşurmagy gelin kürtesiniň, gülli jorabyň üstüni ýetirmek bilen, milli mirasyň gymmatyny has-da artdyrdy. Elbetde, bu paýhasly edilen iş ýerine-de düşdi. Enäniň el işleriniň bir ýerde jemlenmeginde sazlaşyk, gözellik hem bar.
Ajaýyp döwrümizde taryhy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan halkymyzyň gymmatly mirasyny dikeltmek, gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek, milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy yzygiderli ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, türkmen zenanlarynyň döreden gözelliklerini, şol nepislikleri gorap saklap, sarpalap, şeýle asylly ýörelgeleri geljekki nesillere geçirmeklige uly itergi berýär. Milli ruhy-medeni gymmatlyklara sarpaly garamagyň, olary dünýä ýaýmagyň, geljekki nesiller üçin aýawly saklamagyň göreldesini görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolsun! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.